milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
07.04.2025 112 Habarlar

Düýn – 5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilýändigini belläp, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.