Düýn – 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu
ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri
jemlenildi.
Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – maý
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy kabul
edilip, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Jemi içerki
önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6
göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime,
söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba hojalyk pudagynda
bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat
we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga
berildi.