Düýn – 31-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli
birnäçe meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa çykyş edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan
kanunçylyk işi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň
medeni mirasy we raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlary boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahaty hem-de Medeniýet hepdeligini
geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler
boýunça geçirilýän bäsleşigiň jemlerini jemläp, ýaş alymlara gymmat bahaly
sowgatlaryň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da
ýurdumyzda ýerine ýetirilmeli işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen,
«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol
çekdi. Şu ýyl hem welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip
ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji
iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna
başlamaga ak pata berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.