Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden
etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi
mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi.
Soňra Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk
we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň
başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen
raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň
geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň
Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz
öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza
ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw
etdi.
Soňra Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň
kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan
wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň
goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak,
migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän
kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça
ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly,
7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen hormatly
ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem 7-8-nji
martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna eýe
bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara
gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň
gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet
çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de
Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hasabat döwründe
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň
müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen
duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Pakistan Yslam
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda sanly
ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň
Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa
Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň we
Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda
ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işler
bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi boýunça özara
tejribe alşyldy.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny
ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly,
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan “Aw awlamak we aw baýlyklaryny
goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw
awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet
şahsy ätiýaçlandyryşyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere
ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler
geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw,
özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli
özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda
taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly,
bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek we bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de
wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek,
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen taýýarlanan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam
etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplar esasynda
geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak,
ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň
möhümdigini aýtdy we Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen,
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi
hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýolgurluşyk
pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen
Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak,
möhüm taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny
täzelemek, täze ýollary gurmak, halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň hilini döwrüň
talabyna laýyk getirmek, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk binýadyny has-da
berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryny gurmak,
döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işleriň
durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýol-ulag ulgamynyň işini
has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad
şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine
Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda
geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň
gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Bu sergä döwletimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň
mekany” diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere
yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. “Munuň özi dünýä döwletleri bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine
gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara
Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň “Nowruz
ýaýlasynda” geçiriljek dabara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda
taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu ýerde
ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri
ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik,
maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet
we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda Milli bahar baýramy —
Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi
we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we
olimpiadalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
geljek aýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynda sanly ulgam arkaly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany” atly halkara ylmy-amaly
maslahatyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda
makroykdysadyýet dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň, sanly
ulgam arkaly “Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri” atly III
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça V Halkara internet
olimpiadasynyň, sanly ulgam arkaly “Ýaşlaryň ylmy gözlegleri”, “Daşary ýurt
dillerini okatmagyň dünýä we milli tejribesi: ylmy gözlegler we täze
garaýyşlar” atly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde
häzirki zaman ylmy barlaglary: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetinde IV informatika dersinden Halkara açyk internet olimpiadasynyň,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde
utgaşykly görnüşde “Häzirki zaman oftalmologiýasynyň wajyp meseleleri” atly
halkara ylmy-amaly maslahatyň, Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam
arkaly “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly II halkara
ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly
maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary,
professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim
ojaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli
ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň
berkidilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde
halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklipleri
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan
bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ulgamyna girýän edaralar, şol sanda
Halkara Deňiz Guramasy (HDG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň
26-njy awgustyndan bäri bu düzümiň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky
ýyllarda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz guramanyň 14 konwensiýasyna goşuldy we
olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygymyzy, amaly taýdan ýerine
ýetirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň ulag
diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Halkara
Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen
taýýarlanylan teklipleri beýan etdi.
Halkara Deňiz
Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak işini yzygiderli ilerletmek maksady
bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň
wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň gämi
ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da
pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bu guramanyň Halkara gämi gatnawlaryny
ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu
toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň täze
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda HDG-niň
ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlaryny guramak, onuň wekilleriniň gatnaşmagynda
dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär. Şular bilen
birlikde, ýurdumyzyň agzalan düzüm bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen
baglanyşykly teklip beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli
halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer,
daşary işler ministrine tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur
işler durmuşa geçirilýär. Şunda pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň
işini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi döwlet hyzmatlarynyň
gysga wagtda ýerine ýetirilmeginde, maglumatlaryň elýeterliligini,
kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwlet
edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de wise-premýere pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň
hukuk binýadyny berkitmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.