Düýn – 19-njy aprelde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň
birnäçesine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek,
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä
ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam
etdirilýändigi aýdyldy. Ýurdumyzda sanitariýa işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni
we sporty ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini döwrüň talabyna
laýyk ýola goýmak, ylmy edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen,
hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary
girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.