Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda Mejlisde adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak,
kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe
hasabatlylygyny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik desgalarynyň howpsuzlyk derejesini
ýokarlandyrmak, balyk gorlaryny we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak, işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmakda ýüze çykýan gatnaşyklary
düzgünleşdirmek, telekeçiligi ösdürmek, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň
işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara
üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisde Halkara
Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory bilen geçirilen
duşuşygyň netijeleri barada aýdyldy. Mundan başga-da, milli parlamentiň
wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady
işini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ykdysady ugurly halkara guramalar,
maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda geçirilýän işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barlan işleriň
netijesinde, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy
ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň
meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki
işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamalary
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu
resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygynyň
gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi
hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan resminamalary
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna
amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň
ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPC) ýolbaşçylary
bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly,
olaryň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek hem-de
ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň gaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň eksport
mümkinçiliklerini giňeltmek, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny
özleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge
döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Milli Liderimiziň
ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynda dostluk
saparynda bolandygyny aýtdy hem-de bu saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny
ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklar
geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk,
hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem
gepleşikler geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu taryhy taslamanyň amala
aşyrylmagynyň ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny has-da artdyrmaga, köp sanly
täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini aýdyp, “Türkmengaz” döwlet
konserniniň “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi hakynda
Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
bu işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Azyklyk oba
hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak we bu önümler bilen
ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda
ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri
dowam edýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady
bilen, häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy
babadaýhanlar üçin gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi
hormatly Prezidentimizden uly hormat bilen haýyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we
onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagy wise-premýere
tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça
ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu
möwsümiň pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýandygyny
belledi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine
başlamaga ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça
ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy
babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän toplumynda,
hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
ministrligiň öňünde goýlan önümçilik meýilnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirmek, onuň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak,
ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary we milli ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny, ilaty zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik
derejede üpjün etmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynda öndürilýän önümleriň
möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz hereket edýän sement zawodlaryny doly güýjünde
işletmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy
tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly,
ýurdumyzyň içerki sarp ediş bazaryny azyk harytlary bilen doly üpjün etmek,
olaryň bahalarynyň elýeterliligini saklamak, oba hojalyk we azyk senagaty
kärhanalarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak hem-de bu önümleri eksporta
gönükdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan
teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, azyk
harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň
durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de içerki sarp ediş bazaryny azyk
harytlary bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa “Turkmentravel — 2026” atly halkara
syýahatçylyk sergisini we maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
sergini şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapyndan okuw
maslahatyny, “tegelek stoluň” başyndaky iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty
geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda foruma gatnaşmak isleýänleri
hasaba almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge, bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we
wise-premýere paýtagtymyzda geçiriljek “Turkmentravel — 2026” atly halkara
syýahatçylyk sergisine we maslahata gowy taýýarlyk görmek, ony ýokary derejede
geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça
alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaş nesli sport
bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ilatymyzyň saglygyny berkitmek,
bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen köpçülikleýin welosipedli
ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri guralar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň
welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda
ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we
medeni çärelerini, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary
hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň
işgärleriniň, türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça
ýaryşlary, dabaraly sport çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetimizde sagdyn durmuş
ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Bütindünýä saglyk
güni mynasybetli ýurdumyzda sport, sagdyn durmuş çärelerini, köpçülikleýin
welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki
binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda
bu ulgama döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek,
aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, internet ulgamynyň gerimini giňeltmek,
halkara üstaşyr maglumat geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça giň
gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Arkadagly Gahryman
Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň maddy-tehniki
binýadyny berkitmek, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk
pudagyny kämilleşdirmek we bu ugurdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak
boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda Hytaý Halk Respublikasy
bilen hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz köp ýyllaryň
dowamynda HHR bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-durmuş
ugurlarynda gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmek boýunça uly işleri alyp
barýar. Hormatly Prezidentimiz hem türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak
ugrunda uly tagallalary edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen
Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Gahryman
Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda
türkmen halkynyň Milli Lideri bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda
giňişleýin resmi duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar iki ýurduň
arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ony hil
taýdan täze tapgyra çykarmak bilen bagly meseleleriň uly toplumyna seretdiler.
Daşary syýasat we diplomatiýa ugurlarynda iki döwletiň özara ynanyşmaga, hormat
goýmaga esaslanýan gatnaşyklary barada bellenildi. Hytaý tarapy Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde,
Türkmenistan hem Hytaýyň öňe sürýän giň möçberli başlangyçlaryny doly goldaýar.
Ýurtlarymyz
BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Hytaý tarapy
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden 29 sany
Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biri, Türkmenistan bolsa HHR-iň öňe süren 46
Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda
özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler barada pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda uly tejribe toplandy. Şunda gaz pudagyndaky
bilelikdäki işleriň nusgalyk derejesini bellemek bolar. Hytaý tarapy
Türkmenistanda tebigy gazy çykarmak, ony harytlyk görnüşe getirmek we gazy
ibermek ulgamlaryny döretmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrdy. Şunuň
bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry we gaz
pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag pudagy-da
ikitaraplaýyn ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Taraplar bu ugurda
gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Häzirki wagtda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususan-da, Gündogar —
Günbatar ulag geçelgesini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny
nazara almak bilen, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek
barada ylalaşyk gazanyldy.
Söwda ulgamynda
ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri
geçirmegiň möhümdigi aýdyldy. Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
maksady bilen, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek
boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmak
hakynda pikir alşyldy. Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
meselelerine hem üns berildi. Hususan-da, bilim we ylym ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada
bellenip geçildi.
Saparyň çäklerinde
Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar
geňeşiniň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda gaz
pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şeýle hem saparyň
dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň
arasynda duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary
hytaý tarapynyň wekilleri bilen 13 sany ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdiler.
Wise-premýer,
daşary işler ministri Ministrler Kabinetiniň şu günki geçirilýän mejlisinde
hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de
ösdürmek boýunça aýratyn möhüm meselä seredendigini hem-de şunuň bilen
baglylykda, nebitgaz pudagyny ösdürmek, bu ugurda iri we uzak möhletleýin
taslamany amala aşyrmak üçin örän ähmiýetli Karara gol çekendigini belledi. “Bu
resminamanyň esasynda ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek işleriň netijeleri
Watanymyza, türkmen halkyna uly bähbitleri getirer, döwletimiziň we halkymyzyň
köp ýyllaryň dowamynda abadançylygyny, gülläp ösüşini üpjün eder” diýip,
R.Meredow aýtdy we bu taryhy waka bilen döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman
Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet
Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça
gazanylan ylalaşygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny
we ony ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
alyp barýan daşary syýasatynda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň
aýratyn orun eýeleýändigini, bu dostluk saparynyň hem iki ýurduň arasyndaky
köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyp,
türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş
banky bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan 1992-nji ýylda bu bankyň agzasy boldy. Häzirki wagta çenli bu
düzüm bilen ýurdumyzyň maliýe ulgamyna häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak,
söwdany, önümçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den
gowrak taslama durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary
işler ministri ýurdumyz bilen bu bankyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da,
Türkmenistan bilen bu bankyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze
Strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak teklip edilýär. Bu
resminama döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýan
taslamalara uzak möhletli esasda düýpli maýa goýumlary çekmek üçin ygtybarly
binýat bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet
toplumyna girýän edaralaryň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek
maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen
ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýurdumyzda demir we
awtomobil ýollaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslamalary
durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Bu ugurda Ýewropa
Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyza daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmek üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde
ýakyn wagtda gepleşikleri geçirmek maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen baglylykda,
şu ýylyň mart-aprel aýynda Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Maliýe
we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky
bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklip
beýan edildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary we halkara
banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini
belledi hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň
Prezidenti wezipesine girişmeginiň şanly senesi mynasybetli ýene-de bir gezek
tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, şu geçen ýyllaryň içinde hormatly
Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirip, Türkmenistanyň
içeri we daşary syýasatynda döwlet hem halkara ähmiýetli ägirt uly işleri amala
aşyrdy.
R.Meredow
ata-babalarymyzyň «Toýlar toýa ulaşýar» diýen pähiminiň şu günlerde ýene bir
gezek öz beýanyny tapýandygyny belläp, bu gün türkmen halkynyň ähli musulman
ymmaty bilen Oraza baýramyny belleýändigini, bu ajaýyp baýramyň halkymyzyň
däpleriniň, medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Ol ertir —
21-nji martda türkmen halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde Nowruz
baýramyny belläp geçjekdigini aýdyp, bu baýramyň baharyň we täzelenişiň nyşany
hökmünde täze maksatlara atarýandygyny nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp,
hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy Oraza hem-de Nowruz baýramy
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda Oraza baýramynyň
giňden bellenip geçilýändigini, ertir bolsa Milli bahar baýramynyň — Halkara
Nowruz gününiň dabaralandyryljakdygyny aýtdy. “Şeýle hem 21-nji martda
ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyna
gatnaşarys” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we pursatdan
peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy —
Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet
durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.