17-nji aprelde
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň
möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň durnukly depginini saklamak
üçin ulgamlaýyn çäreleriň görülmelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde,
pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işlerine itergi berýän,
Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawyny giňeltmegiň hem-de
eksportynyň mukdaryny artdyrmagyň gurallaryny hemişe kämilleşdirmek möhümdir.
Gurluşyk
pudagyny döwrebaplaşdyrmak ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryň hatarynda
kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň
depginini güýçlendirmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary
ulanmak arkaly gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak
baradaky meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.