Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de
ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna
hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban
enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap
şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar
güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp,
wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda
gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow
“Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda
amala aşyrylýan giň gerimli işler konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik
desgalarynyň bökdençsiz, sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň
öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda
taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag
geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny,
köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi
tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu
işlerde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge,
Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm ähmiýet
berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak,
pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýük awtoulag we
ýolagçy gatnawlaryny üstaşyr geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hil
taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz
Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny
täzelemek hem-de bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi
geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz
awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini üpjün etmek,
olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, işgärleriň zähmet çekmegi,
ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek babatda degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary
hilli dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli
şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty
ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen bagly
taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly
diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli
dürli çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”,
“Zenan — Zeminiň zynaty”, “Ýaşlygymyň bahary” atly bäsleşikleriň jemlerini
jemlemek meýilleşdirilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň
gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak
dabaralarynyň, welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk
çäreleriniň, konsertleriň, suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna
oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk
konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň mart aýynda welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi”
binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda
Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda
dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar
Garaşsyz Türkmenistanym!” atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Tertibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek çäreleri
giňden beýan etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy
mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow
2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa
ibermek meselesi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat
tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika
ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi,
tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar
boýunça iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýdyp, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary
üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa
ibermek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda halkara guramalar, şol
sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary
ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew
pudaklara innowasion sanly çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna
öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şunda dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge
möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmek boýunça degişli
konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipleri
hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça
maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk
ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri
goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.