milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.05.2025 135 Habarlar

Düýn – 23-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň gününiň, Türkmen halysynyň baýramynyň, «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, uçurymlary «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.