milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.02.2025 93 Habarlar

Düýn — 14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.