milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.05.2025 110 Habarlar

Düýn – 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kabul edilen maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.