2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary degişli
düzümlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, wise-premýerlere
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.