13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy.
Mejlisiň dowamynda Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi we başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.