5-nji maýda Balkan
welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenbaşy şäherinde «Awaza» kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň
göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn
edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary we beýlekiler
çagyryldy.
Mejlisde
ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni
almak üçin görülýän meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere
garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, bu ugurda
öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işleriň netijeli
bolmagyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri guramagyň esasy ugurlaryny
kesgitledi. Şu maksat bilen:
— ýiti öýken
sowuklama ýokanjynyň öňüni almak, ony anyklamak hem-de bejermek üçin zerur
bolan derman serişdeleriniň, sarp ediş materiallarynyň, lukmançylyk
enjamlarynyň hem-de zyýansyzlandyryş serişdeleriniň gorlarynyň üstüni
yzygiderli dolup durmaly;
— saglygy
goraýyş edaralarynyň ähli lukmançylyk işgärleriniň arasynda ýiti öýken
sowuklama ýokanjynyň öňüni almak, ony anyklamak we bejermek boýunça okuwlary
geçirmegi dowam etmeli;
— keseli anyklamak üçin barlaghana
test-ulgamlaryny satyn almaly hem-de olaryň gorlarynyň üstüni dolup durmaly;
— raýatlary lukmançylyk
gözegçiliginden geçirmek üçin ýurdumyzyň Döwlet serhediniň hemme geçiriş
ýerlerinde ähli şertler döredilen we halkara standartlaryna laýyk gelýän
karantin nokatlaryny döretmeli;
— ylmy çaklamalara laýyklykda hem-de
ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ikinji tapgyryna garaşmak bilen baglylykda,
ýurdumyzda derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk enjamlarynyň ätiýaçlyk
gorlaryny döretmeli;
— ýurdumyzyň dürli senagat
pudaklarynyň önümçilik binýadynda lukmançylyk enjamlarynyň goşmaça
öndürilmegini ýola goýmaly. Bu işleri amala aşyrmak üçin zerur bolan maýa
goýumlaryny çekmeli;
— ýurdumyzda epidemiologiýa
ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edip durmaly;
— tomus paslyna çenli az wagtyň
galandygyny göz öňünde tutup, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan
daşary topar şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda, Awazada we ýurdumyzyň beýleki
ýerlerinde tomus döwründe syýahatçylygy hem-de dynç alşy guramak boýunça
tekliplere gysga wagtyň içinde seretmeli.