3-nji
iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa
Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary,
Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary
çagyryldy.
Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň
şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar
diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi, Prezident
maksatnamalaryny we beýleki meýilnamalary durmuşa geçirmegiň barşy ara alnyp
maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi
hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.