milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
02.02.2019 535 Habarlar

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Şu ýyl halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.

Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.