6-njy dekabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary
syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin
wezipeler kesgitlenildi.