7-nji fewralda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň
hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi,
şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler
kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen
bagly meselelere seredildi.
Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.