29-njy maýda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere,
şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Ir bilen milli
Liderimiz welosipedde «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, ýurdumyzyň Hökümet
binasyna geldi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary
netijesinde, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem-de Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny
gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol birwagtyň özünde ilat sagdyn durmuş
ýörelgesine giňden çekilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy
asylly däbe öwrüldi.
Mälim bolşy
ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny
Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň
ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýan welosiped sportunyň ösdürilmegine,
Türkmenistanda welosipediň dürli görnüşleri bilen üpjünçilik meselelerine möhüm
ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe
tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümetiň binasynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.