Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri
jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir
ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de
Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan
wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary,
welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary
we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda
milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde,
jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu
görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we
aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7
göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp,
ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw
haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende,
11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet
kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2025-nji
ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu
resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat
we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler,
ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine
ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça
durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň
girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Maliýe we
ykdysadyýet ministri M.Astanagulow geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine
ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň
girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,7 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,5 göterim, çykdajy bölegi
bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2025-nji ýylda balans toparlarynyň jemi
141 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 111 mejlisi geçirildi.
Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň
netijelerine garaldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli
ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýyl
bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,6 göterimine
deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9
göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berildi.
Merkezi
bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan
ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen
deňeşdirilende, 4,8 göterim artdy. Şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegine
berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23 göterim
ýokarlandy, fiziki şahslara berlen karzlar 25,4 göterim artdy. 2026-njy ýylyň
1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna
laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan
emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 20,1 göterim köpeldi.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr
tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi
6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 26,4
göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 5,2 göterim,
sementiň öndürilişi 40,9 göterim, armatur, demir önümleriniň öndürilişi 22,3
göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 10,1 göterim, şöhlat önümleriniň
öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 5 göterim, mesge ýagynyň
öndürilişi 2,9 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümleriniň gymmatlyk
möçberi nah ýüplükler boýunça 11 göterim, nah matalar boýunça 16,7 göterim
ýokarlandy.
2025-nji
ýylyň jemleri boýunça ulag we aragatnaşyk pudagynda ulaglaryň ähli
görnüşleriniň ýük dolanyşygy 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygy 5,3 göterim artdy.
Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 19,6 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň oba
hojalygynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,8
göterim, bakja önümleri 11,7 göterim, ýeralma 4,7 göterim, ýumurtga 8 göterim,
süýt 2,1 göterim artdy. 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde
hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy
ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň
taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. “Maksatnama laýyklykda, 2026-njy
ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli
ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek,
önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň
hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi
ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime
ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary
gönükdirmek meýilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol
çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip,
2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
“Milli
ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşini
üpjün etmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli
işleri dowam etdirmek, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, onuň
çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak işlerine gözegçiligi güýçlendirmek
möhümdir” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň
ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň
berilmegini dowam etdirmegi, bankara elektron töleg ulgamyny yzygiderli
kämilleşdirmegi, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini
ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny
bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek
boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
108,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy.
Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň
meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim,
çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy
çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de
suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, B.Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň
başlygy G.Agajanowy, şol bir wagtda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz
toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy
we degişli resminamalara gol çekdi.
G.Agajanow
bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi we bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli,
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden
boşadyp, degişli resminama gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer G.Agajanowa ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny
2026-njy ýylda hem döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara
iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny
netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny
artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Galkynyş” gaz känini
tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak
ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde
alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we
Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga
aýratyn üns bermek möhümdir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň geologiýa
gözleg-barlag işlerini güýçlendirmegi, nebitgaz ylmyny kämilleşdirmegi, daşary
döwletleriň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmegi, bu ugurda hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işlere üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 114,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça
109,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107,1 göterim boldy. Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň
häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 132 million manada deň
boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy
wezipesine R.Myradowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň
orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli
resminama gol çekdi.
R.Myradow
özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, pudagy mundan beýläk-de
okgunly ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna
ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür,
halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol-ulag ulgamynyň
işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligini Türkmenistanyň Awtomobil ýollary
ministrligine öwürmek barada karara gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
awtomobil ýollary ministri wezipesine H.Kerimowy belläp, degişli resminamalara
gol çekdi.
H.Kerimow
bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan edip, bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer B.Annamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň gurluşyk we
senagat toplumynyň kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň, önümçilik meýilnamalarynyň ýerine
ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň, gurluşygy alyp barmakda dünýäniň
ösen tehnologiýalaryny we häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň
zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça
täze, döwrebap kärhanalary döretmegi dowam etdirmegi, içerki we daşary ýurt
sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik
energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmagy, täze elektrik stansiýalaryny
gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri
ilerletmegi tabşyrdy.
Himiýa
senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän himiýa önümleriniň daşary ýurtlara
iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek,
ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak üçin pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli
ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen ýylyň ýanwar
— dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini,
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime, öndürilen
önümleriň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 106,3
göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 111,7 göterim, nah matalaryň
önümçiliginde 118,8 göterim, gön önümleriniňkide 111,4 göterim ösüş depgini
gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy
102,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat
döwründe 299 birža söwdasy geçirilip, olarda 29 müň 975 şertnama hasaba alyndy.
2025-nji
ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 22 sergi, 10
maslahat geçirildi. Geçen ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça
oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime, senagat
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklary giňeltmegiň, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, azyk
howpsuzlygyny berkitmegiň söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini
aýtdy. “Içerki bazarlarda azyk we sarp ediş harytlaryny elýeterli bahalardan
üpjün etmegi gözegçilikde saklamak, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary
hilli dokma önümlerini öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini hem-de
görnüşini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, haly önümlerini
öndürmek we olaryň hilini gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak,
çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy binýadyny, çig mal üpjünçiligini
yzygiderli berkitmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat
edarasynyň işini netijeli guramagy, munuň üçin elektron söwdalary
kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi, hususy pudagy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda
2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän
“Magtymguly — dünýäniň akyldary”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň
we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde
tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli dürli medeni çäreler we
dabaralar geçirildi, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi
mynasybetli dabaralar guraldy. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri
jemlenildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň
Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş
baýragyna we ýörite baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan birnäçe dabaralar
geçirildi.
Aşgabat
şäherinde ýurdumyzyň ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwaly, Ahal
welaýatynda Medeniýet hepdeligi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana,
bagşy!” bäsleşigi, höwesjeň aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi,
estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi
üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn
asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi.
Hasabat
döwründe halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp sanly çäreler guraldy.
Paýtagtymyzda “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwal, “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor
festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň milli
günleri, sergilerdir konsertler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şeýle
hem Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri guraldy. Ýurdumyzyň
medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri Hytaý Halk Respublikasynda
Türkmenistanyň Medeniýet ýyly mynasybetli geçirilen dabaralara, hormatly
Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda geçirilen
medeni çärelere gatnaşdylar. 2025-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we
Genje şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde
Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Döwletimizde gazanylan
uly üstünlikler, özgerişler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda,
teleradioýaýlymlarda, internet sahypalarynda giňden beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, O.Hojanazarowy, pensiýa gitmegi sebäpli,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet
komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden
boşadyp, bu wezipä P.Kakabaýewi belledi we ony şol komitetiň «Arkadag»
teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz «Arkadag»
teleýaýlymynyň başlygy wezipesine K.Nepesowy belledi hem-de degişli
resminamalara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer B.Seýidowa ýüzlenip, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan
edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmagyň
zerurdygyny nygtady. “Aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek, medeni mirasymyzy düýpli
öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak, syýahatçylyk işini kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek möhümdir” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz sanly muzeý ulgamyny
ösdürmegi dowam etdirmegi, ýerlerde kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly
işlemegini gözegçilikde saklamagy, teleradioýaýlymlarda ýaş nesliň
aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri köpräk goýbermegi, Türkmen
döwlet neşirýat gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlar, olimpiadalar geçirildi.
Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde üstünlikli
çykyş edip, dürli medallara mynasyp boldular. Ylym ulgamyny kämilleşdirmek,
ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp
baryldy. Ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul edildi, alymlyk
derejesine dalaşgärler hasaba alyndy, dissertasiýalar goraldy. Ylymlar güni
mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika
we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda
ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guramaçylykly
geçirildi.
“Saglyk”
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni
almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak
boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam
bermeginde näsag çagalara dürli operasiýalar amala aşyrylyp, bejergiler
geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, B.Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar
we jemgyýetçilik toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Mämmedowy belläp, ony
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmak
barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
B.Mämmedow
bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan
edip, bu jogapkärli wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de

Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowy pensiýa
gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Gaýypowy belledi we ony
saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy
hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
M.Gaýypow

bildirdi we bu jogapkärli wezipede yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de
döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer B.Mämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzda bilim edaralarynyň
işini kämilleşdirmegiň, bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam
etdirmegiň, hünär bilimini kämilleşdirip, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini
ýokarlandyrmagyň, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini ilerletmegiň, bu ugurda
halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz ilatyň saglygyny goramak babatda işleri dowam etdirmegi, ilata
edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli we elýeterli bolmagyny üpjün etmäge
aýratyn ähmiýet bermegi, derman senagatyny yzygiderli ösdürmegi, ýurdumyzda
sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri yzygiderli
ilerletmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde
2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we
hyzmatlaryň ösüş depgini 113,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa,
deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 100,7 göterime,
ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 159,8 göterime barabar boldy. Hasabat
döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 107,3 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 116,2
göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime, Deňiz we
derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 110,5 göterime deň boldy. Şeýle hem
Aragatnaşyk ministrligi boýunça 119,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary
wezipesine B.Annaýewi bellemek barada karara gelendigini aýdyp, degişli
resminamalara gol çekdi.
B.Annaýew
özüne bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, toplumy mundan beýläk-de
ösdürmek üçin gujur-gaýratyny, bilimini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna

Prezidentimiz wise-premýer B.Annaýewe ýüzlenip, ulag we aragatnaşyk toplumynyň
möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük
dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr we halkara ýük gatnawlaryny has-da
giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. “Sanly
ykdysadyýeti ösdürmäge degişli işleri dowam etdirmek, sanly ykdysadyýet, emeli
aň tehnologiýalary boýunça IT meýdançalary döretmek, bu ugurda hünärmenleri
taýýarlamak babatda zerur işleri geçirmek we teklipleri taýýarlamak möhümdir”
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ulaglaryň we
aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmek,
ýurdumyzyň demir ýollaryny döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak,
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Şeýle hem
döwrebap awtobuslar, dürli görnüşli awtoulaglar bilen ilata edilýän hyzmatlaryň
gerimini giňeltmek, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmek, täze we ykdysady taýdan amatly bolan halkara ugurlar boýunça
howa gatnawlaryny açmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş
zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde işletmek babatda işleri gözegçilikde saklamak
tabşyryldy.
Soňra
welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal
welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen ýylda welaýatda iri
önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň birnäçesi gurlup
ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda sebitde möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň dowam edýändigi, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda
degişli ideg işleriniň alnyp barylýandygy, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň
ýazky ekişine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2025-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny”
durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylda welaýatda medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen
birlikde, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, geçen ýylda welaýatda
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga
berildi. Dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Gowaçanyň we azyklyk ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew geçen ýyl welaýatda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl sebitde medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalary, inženerçilik ulgamlaryny gurmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda,
birnäçe medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar ulanmaga berildi. Şeýle
hem häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary,
pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine
ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny
üstünlikli durmuşa geçirmegiň, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň,
hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik
etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy,
elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça
netijeli işleri dowam etdirmegi, arassaçylygy berjaý etmek, abatlaýyş işlerini
wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de welaýatlarda
bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek
üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda
2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy
ýaly, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, 2024-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba
hojalyk ministrligi boýunça 103,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi
boýunça 103,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,7
göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 109,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 100,9 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 267,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaçanyň,
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine, ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gerek bolan tohumlary taýýarlamak üçin
degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de wise-premýer 2026-njy ýylyň dowamynda
ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi hem-de gatnaşylmagy meýilleşdirilýän
atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynda göz öňünde tutulýan
dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ç.Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri
wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ö.Goşjanowy belledi we ony daşky gurşawy
goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini
aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Ö.Goşjanow

Baştutanymyz B.Ataýewi Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden
boşadyp, bu wezipä B.Tejenowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi.
B.Tejenow bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk

etdi.
Döwlet
Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary
boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary
ýurtlarda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede
geçirmegi tabşyryp, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk we
azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň hasabyna azyk howpsuzlygyny
berkitmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek
boýunça önümçilikleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi. “Ekin we öri meýdanlaryny maksadalaýyk,
netijeli ulanmagy üns merkezinde saklamak, ýokary hasyl berýän ekinleriň we
miweli baglaryň täze görnüşlerini döretmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek
boýunça işleri alyp barmak, döwrebap tehnologiýalar esasynda maldarçylyk,
guşçulyk pudagyny netijeli ösdürmek, dünýä standartlaryna laýyk gelýän, ýokary
hilli önümleri öndürýän azyk senagatyna degişli täze kärhanalary gurmak boýunça
işleri dowam etmek zerurdyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny berkitmek,
ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek boýunça işleri
dowam etdirmegi, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak,
goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça
işleri netijeli durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Ylmy edaralara oba hojalyk
ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek babatda has
netijeli işlemek barada tabşyryklar berildi. Şeýle-de daşky gurşawy gorap
saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek,
ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, umuman, oba
hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we
tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda
Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat
ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” yzygiderli durmuşa
geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit, halkara
guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler
amala aşyryldy.
2025-nji
ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwlet, resmi we iş saparlarynyň
15-sini, ýagny Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna,
Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iki gezek, Özbegistan
Respublikasyna iki gezek, Gazagystan Respublikasyna üç gezek, Ýaponiýa iki
gezek, Russiýa Federasiýasyna iki gezek saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlarynyň 9-sy, ýagny Monako
Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan
Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna iki gezek we Owganystana saparlary
guraldy. Şeýle hem geçen ýylda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň Türkmenistana döwlet, resmi, iş saparlarynyň 31-si amala aşyryldy.
Abraýly
sebitara we halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 21 — 24-nji
sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji
ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşdy we onuň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli
duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe BMG-niň Baş sekretarynyň, Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki
medeniýetiň halkara guramasynyň, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek
çäreleri boýunça geňeşiň Baş sekretarlarynyň we beýleki halkara düzümleriň
birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzda saparda bolandygy bellenildi.
2025-nji
ýylda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 936 wekiliýetiň döwletimize sapar
bilen gelendigi we ýurdumyzyň 1 müň 303 wekiliýetiniň daşary döwletlerde
saparda bolandygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň
beýanydyr. Geçen ýylyň dowamynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 573-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleri,
halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň
794-si guraldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň
şertnama-hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 264-si bilen ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat
döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň
birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty
boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara
hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.
Ýurdumyzyň
daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik
gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
geçen ýylda 19 döwletiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň daşary
ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 13-si ynanç hatlaryny
gowşurdy hem-de konsullaryň 2-si resmi taýdan öz işine başlady. Türkmenistanyň
daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda
ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si guraldy.
«Açyk
gapylar» syýasatynyň çäklerinde 2025-nji ýylda iri halkara çäreleriň birnäçesi
geçirildi. Şolaryň hatarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahaty, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat
bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş
Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan
etdi. Şu mynasybetli dürli çäreleriň 100-e golaýy geçirildi. 12-nji dekabrda
Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk
güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet
Baştutanlarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde
geçirilen halkara forum ýylyň esasy syýasy wakasy boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde
parahatçylygy, halkara durnuklylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant
goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä
döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer,
ylym-bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegi, ýylyň
dowamynda göz öňünde tutulan halkara çärelere hem gowy taýýarlyk görmegi we
olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, degişli döwürde milli parlamentiň 4 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 27-si, Mejlisiň kararlarynyň 23-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda
“Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary
hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini
tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň
bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna”
atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň
2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy
intellektual eýeçilik hakynda”, «Ýük markalary hakynda halkara konwensiýanyň degişli
Teswirnamasyna goşulmak hakynda», “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan
Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli
goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”,
“1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça
hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek
hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň
bilen birlikde, döwletimiziň hukuk ulgamyny täze taryhy döwrüň talaplaryna,
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady
bilen, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, jenaýat-ýerine ýetiriş,
maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil
ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet
pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän birnäçe kanunçylyk
namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.
Daşary
ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçileriniň 13-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara
guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 60-sy geçirildi. Olaryň dowamynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň
deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet
maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde guralan
maslahatlaryň 119-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde öňdebaryjy
tejribäni öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň
46-sy guraldy. Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň
Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament
ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň
alnyp barylýandygyny, 2025-nji ýylda şu babatda Türkmenistanyň Kanunlarynyň
27-siniň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň
girizilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen kanunlaryň Garaşsyz
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar
durmuşda ýaşamagyny üpjün etjekdigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlisi dowam edip we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň
başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan
etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek üçin bäsleşigiň yglan edilendigini
belledi. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda
ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň
başlygy O.Berdiliýewa söz berdi.
Bellenilişi
ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet
diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet
adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, giň gerimli
özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar.
Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler
bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän
belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna
laýyklykda, degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli işler alnyp
baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda
iň gowy netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby onuň ýeňijisi
diýlip kesgitlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyny 2025-nji ýylyň jemleri
boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň
häkimligini bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen
sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly
şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli
zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleriň
gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap
kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam
etdirilendigini aýtdy.
“Ykdysadyýetimiziň
ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol
sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7
göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta
kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi” diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň,
umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga
berlendigini, möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga
berlendigini, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag
şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilendigini aýtdy.
Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün
etdiler.
“Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy
mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna
abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi” diýip,
döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. “Biz her ýyly belli bir şygar boýunça
geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe
bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga
ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa
görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet
çekmelidiris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.
«Türkmenistany
2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna»
laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş
jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe
çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň
çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň
gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň
gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
“Biz şu
ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny
hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý
toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki
gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi
gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara
onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga
bereris. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy
raýatlara hyzmat edip başlar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu ýyl
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat
bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Gyzylarbat
etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak
şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. Ilatyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň,
aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym
arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini
aýtdy we ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek
boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda karara gol çekendigini
belledi. Şunda ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we
ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.
“Görşüňiz
ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata
Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr”
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli
zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine
berk ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
***
Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňra, hormatly Prezidentimiziň kabul eden
çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, olara döwrebap
awtoulaglar sowgat berildi. Munuň özi berkarar Watanymyzda adam hakyndaky
aladanyň ileri tutulýandygynyň, raýatlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli
şertleriň döredilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.