Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we
ýokary netijeli sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli
hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlygyny kämilleşdirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ady
üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip
atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.
Sport we ýaşlar syýasaty
ministrligine institut bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we
bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.