9-njy noýabrda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň
Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýigriminji maslahaty geçirildi. Onda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe
Kanunlara garaldy we kabul edildi.
Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri çagyryldy.
Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky
maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary
biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.