5-nji dekabrda Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy.
Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan
durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan
Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy.
«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin
Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy
meselesi boldy. Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň
deputatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme
girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we
üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna
seretdiler.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň
bilelikdäki maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň
taslamalary biragyzdan kabul edildi we degişli Kararlar bilen makullanyldy.