23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün
tertibinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji
ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň bardygyny belläp, mejlise
gatnaşyjylara gün tertibi boýunça kimiň nähili teklibiniň bardygy baradaky
sowal bilen ýüzlendi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy
mejlisiň gün tertibini tassyklamak hakynda gelip gowşan teklibi gün tertibine
goýdy. Teklip mejlise gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen
bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary
geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde
işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň
Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.