11-nji
noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine
hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky
ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň
dost-doganlyk däpleri esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda,
hormat goýmak, ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan özara
bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ony mundan
beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.