11-nji
noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan
Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet
berýär. Şol gatnaşyklar döwrüň synagyndan geçen mizemez dostluga hem-de
hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.
Biziň döwletara gatnaşyklarymyza mahsus bolan özara
ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde
möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bize ýygy-ýygydan duşuşmaga we ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär diýip,
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Baştutanynyň ýakynda
Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny mähirlilik bilen ýatlaýandygyny
belledi. Şol sapar döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm waka boldy.