11-nji
noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady
we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri
esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Bellenilişi ýaly, yzygiderli geçirilýän gepleşikler hem-de döwlet we Hökümet
derejesindäki özara saparlar köp babatda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň
üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär. Munuň özi özara gyzyklanma bildirilýän
meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.