milli goshun logo
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
04.11.2022 552 Habarlar

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň döwlet sylagy — IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda kabul edilen Çözgüt barada aýdyp, munuň örän ýokary sylagdygyny, ordeniň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşulan goşanda doly laýyk gelýändigini belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Watanymyza ugrady.

 

***

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Şeýle hem Moskwada «Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler» atly «tegelek stol» söhbetdeşligi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, geljek döwür üçin özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlary, Russiýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň has-da ýakynlaşmagynyň geljegi barada, şeýle-de halkara we ikitaraplaýyn parlamentara işler bilen baglylykda, başlangyçlary anyk durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alşyldy.