milli goshun logo
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi
26.05.2020 1583 Habarlar

25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu gün 80 müňe golaý uçurymlar üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Olar şanly senä — döwletimiziň daşary syýasat derejesiniň 25 ýyllyk senesine beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda özbaşdak durmuşa gadam goýýarlar.

Soňra 2020-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolarda okuwçylaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan berk, ruhy taýdan belent, ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary durmuş ýoluna atarýan terbiýeçilere aýratyn hormat bildirildi.