milli goshun logo
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Belarusda geçirilýän «Arkalaşygyň Çagalary» forumyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Belarusda geçirilýän «Arkalaşygyň Çagalary» forumyna gatnaşýarlar
1 gün öň 36 Habarlar

Türkmenistanyň wekilleri Belarusda «Naroçanskiý» milli seýilgähiniň çäginde ýerleşýän «Zubrýonok» çagalar merkezinde düýn, 7-nji iýulda badalga berlen «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumyna gatnaşýarlar.

Şu ýyl forum «Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna — Ýatlama we nesilleriň agzybirligi» temasyna bagyşlanýardiýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda bellenilýär.

Foruma Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan mekdep okuwçylaryndan düzülen wekiliýetler gatnaşýarlar.

Forumyň maksatnamasy Milli Çagalar Tehnologiýalar parkyndan başlanýar — bu ýerde okuwçylara onuň işi bilen tanyşdyrylyp, ylym we innowasiýalar boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

Her gün foruma gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň biriniň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşarlar. Şeýle-de olara gyzykly çäreler, duşuşyklar we täsirli gezelençler bilen baýlaşdyrylan maksatnama garaşýar – diýip, çeşmede bellenilýär.

«Arkalaşygyň çagalary» atly Halkara medeni-bilim forumy ilkinji gezek 2013-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň parlamenti — Žogorku Keneş tarapyndan öňe sürlen teklibiň esasynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň goldamagynda Yssyk kölüň kenarynda geçirilipdi. Forum şeýle hem Russiýada we Özbegistanda hem geçirildi.

Bu gezekki Belarusda geçirilýän forum 16-njy iýula çenli dowam eder.