Şenbe güni – 30-njy noýabrda
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi.
Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly
ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi
kabul edildi.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň
taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine
ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy
meseleleriniň biri boldy.
Çykyş edenler Türkmenistany durmuş
ugurly döwlet hökmünde yzygiderli ösdürmegiň milli strategiýamyzyň esasy
wezipeleriniň biridigini nygtap, 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň
serişdeleriniň aglaba böleginiň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini
bellediler.
Maslahatda başga-da birnäçe meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy. Hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary
biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.