milli goshun logo
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
03.03.2019 575 Habarlar

2-nji martda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahatyň işine gatnaşmaga ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Deputatlar çykyş edip, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky möhüm meselelere ünsi çekdiler.

Soňra «Rasionalizatorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşmaga hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti döretmäge, häzirki zamanda onuň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga alnan ugur yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Deputatlar şeýle hem «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Şunuň bilen birlikde, maslahata «Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary hödürlenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy we birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Milli parlamentiň deputatlary maslahatyň ahyrynda ýokarda görkezilen hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolundan ynamly öňe gitmegi ugrunda öňde goýan wezipeleriniň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.