Kerimguly
Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy
ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden
«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi
diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalara beslenýän
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy dünýä derejesindäki
ösüşlere beslemek, ata Watanymyzy syýasy, durmuş-ykdysady taýdan güýçli
depginde ösdürmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolýan ýurdumyzyň merdana halky
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny, şeýle hem hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýynlyk görýär.
Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe
almagy, aýdym-saz, çeper döredijilik, ylym, sport bilen meşgullanmagy, giň
dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi üçin
ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we
ösdürmekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde ýurdumyzda
geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri, halypa-şägirtlik ýoly möhüm ähmiýete eýedir.
Milli aýdym-saz medeniýetiniň ýollaryny oňat
bilýän hem-de oňa belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň parasatly
halypaçylygynda Kerimguly Berdimuhamedow aýdym-saz sungaty bilen yzygiderli
meşgullanýar. Ol eýýäm halkymyzyň ýüreginde çuňňur orun alan birnäçe saz
eserlerini döretdi. Sungat äleminiň ýaş ýyldyzy bolup döredijilik ýoluna düşen
ýaş kompozitor, aýdymçy, sazanda Kerimguly Berdimuhamedow täze aýdym-sazlary
döretmegiň üstünde yzygiderli işleýär. Ol özüniň döredijilik ylhamyndan joşup
çykýan ýakymly hem-de şirin aýdym-sazlary bilen bagtyýar watandaşlarymyzyň
kalbyna egsilmez şatlyk we joşgun paýlap, olary belent maksatlara ruhlandyrýar.
Onuň dürli saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ýerine ýetirýän
aýdym-sazlarynda bolsa bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň ösüşleri, dünýä
ýüzüne dolan at-abraýy, jemgyýetimiziň asudalygy we bagtyýarlygy özboluşly
röwüşde wasp edilýär. Kerimguly Berdimuhamedowyň döredýän şirin owazly,
joşgunly sungat eserlerinde ajaýyp zamananyň belent ruhy ýaňlanýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň
gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp wasp edip, milli sungatymyzyň täze
eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýandygyny, baýramçylyk çärelerinde
üstünlikli çykyş edýändigini we halk köpçüliginden gelýän köp sanly
isleg-arzuwlary, şeýle hem bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň
towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Kerimguly Berdimuhamedowy edebiýat, medeniýet
we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak
ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmeli we ony Türkmenistanyň
Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de 3500 (üç müň bäş ýüz) manat bilen
sylaglamaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy
G.Mämmedowa
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 30-njy iýuny.
№ 252-VI.