Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň
Mejlisi ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, jemgyýetçilik guramalary hem-de Bilim
ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirip, onuň işine gatnaşmak
üçin parlamentiň deputatlaryndan başga-da, partiýa we jemgyýetçilik
işgärlerini, alymlary hem-de syýasatşynaslary, zähmetkeşler toparlaryň, habar
beriş serişdeleriniň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň
professor-mugallymlaryny hem-de ýaşlary çagyrdy.
«Türkmenistanyň
Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — ykdysadyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň
ösüşiniň hukuk esaslary» diýlip atlandyrylan maslahat üç bölüm boýunça
geçirildi. Olary Esasy Kanunymyzda berkidilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary birleşdirdi.
Türkmenistanyň
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat bu baýramçylygyň —
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly
ähmiýetini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazananlaryny, döwletimiziň esasy
ýörelgelerini — Garaşsyzlygy hem-de hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem-de
agzybirligi, demokratiýanyň we kanunyň rüstemligini nobatdaky gezek şöhlelendirdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.