I. 1992-nji
ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda
Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016
ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we
goşmaçalary girizmeli:
1) 61-njy
maddany aýyrmaly;
2) 66-njy
maddada «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 71-nji
maddada:
9-njy, 11-nji
we 13-nji bentlerde «Mejlisiň», «Mejlisine» we «Mejlisiniň» diýen sözleri
degişlilikde «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň», «Türkmenistanyň Milli Geňeşine»
we «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
10-njy bendi
şu görnüşde beýan etmeli:
«10) kanunlara
gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp,
özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise gaýtadan
ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Bu kanun Halk
Maslahaty we Mejlis tarapyndan Konstitusiýada bellenilen tertipde gaýtadan
seredilýär.
Eger, gaýtadan
seredilen kanun Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy
sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öňki kabul edilen
görnüşinde tassyklanan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol
çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanunlar babatda gaýra
goýmak weto hukugy ýokdur;»;
16-njy we
17-nji bentlerde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» we «Türkmenistanyň Mejlisine»
diýen sözleri degişlilikde «Halk Maslahatynyň» we «Mejlise» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 73-nji
maddada «Mejlisiň» diýen sözi «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da»
diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 75-nji
maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«75-nji madda. Türkmenistanyň
Prezidentiniň näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi
bolmasa, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Halk Maslahaty we
Mejlis özleriniň döredýän garaşsyz lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy
esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden öň wezipesinden boşatmak
hakynda çözgüt kabul edýär. Şeýle çözgüt Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy
sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi we Mejlisiň
deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň
köplügi bilen kabul edilýär.
Türkmenistanyň
Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Milli
Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň
Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegi
boýunça seredilip bilner. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek
hakynda çözgüt Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň dörtden üç
böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen we Mejlisiň deputatlarynyň
umumy sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul
edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakynda mesele
ählihalk sala salşygyna goýulýar.»;
6) 76-njy
maddada «Mejlisiň» we «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Halk
Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) III babyň
adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«III bap. Türkmenistanyň Milli Geňeşi»;
8) 77-80-nji
maddalary şu görnüşde beýan etmeli:
«77-nji madda. Türkmenistanyň Milli
Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli
edaradyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan ‒ Halk Maslahatyndan we
Mejlisden ybaratdyr.
78-nji madda. Halk Maslahatynyň
düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses
bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we welaýat hukukly şäherden sekiz
wekil girýär. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti
tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi
bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan
Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir
eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar, eger ol bu hukugy
ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa.
Mejlis 125
deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw
okruglary boýunça saýlanýarlar. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky
on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty
saýlanyp bilner.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.
Şol bir adam
bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň hem agzasy ýa-da
deputaty bolup bilmez.
79-njy madda. Türkmenistanyň Milli
Geňeşi aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:
1) ählihalk
sala salşygynyň çözgüdi esasynda;
2) özüniň
agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk
sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);
3) alty aýyň
dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ýolbaşçy düzümi
düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.
80-nji madda. Halk Maslahaty öz
düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri
we toparlary düzýär.
Mejlis öz
düzüminden Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we
toparlary düzýär.
Halk
Maslahatynyň we Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň agzalary we deputatlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança
öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň palatalary öz dessurlaryny kabul edýärler hem-de öz işiniň
içerki tertip-düzgüniniň meselelerini çözýärler.»;
9) 80-nji
maddadan soň şu mazmunly maddalary goşmaly:
«801-nji madda. Halk
Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary aýratynlykda geçirilýär.
Halk
Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary açyk bolup durýar. Olaryň dessurlarynda
göz öňünde tutulan halatlarda ýapyk maslahatlar hem geçirilip bilner.
Palatalar
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüzlenmesini, daşary ýurt döwletleriniň
ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňlemek we beýleki meselelere garamak üçin
bilelikdäki maslahatlary hem geçirip bilerler.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň başlangyjy bilen döwletiň we jemgyýеtiň durmuşyna degişli wajyp
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçilik wekilleriniň
gatnaşmagynda palatalaryň bilelikdäki maslahaty geçirilip bilner.
802-nji madda. Halk
Maslahaty:
1) Mejlis
tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki
kanunlary makullaýar ýa-da ret edýär;
2) Mejlis
tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça
Türkmenistanyň kanunyna garaýar;
3) ählihalk
sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;
4) Türkmenistanyň
Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny,
Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini,
Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada
meselelere garaýar;
5)
Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary
we gaýry döwlet atlaryny dakýar;
6)
Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözýär; 7) parahatçylyk we
howpsuzlyk meselelerine garaýar;
8)
Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen
gaýry meseleleri çözýär.»;
10) 81-83-nji
maddalary şu görnüşde beýan etmeli:
«81-nji madda. Mejlis:
1)
Türkmenistanyň Milli Geňeşine girizilen Konstitusiýanyň, konstitusion
kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garaýar we kabul edýär, kabul
edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş
bermegi amala aşyrýar;
2) Ministrler
Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;
3)
Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty
tassyklamak barada meselelere garaýar;
4) döwletiň
içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady,
durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;
5)
Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;
6)
Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary
boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar;
7) döwlet
sylaglaryny döredýär;
8) halkara
şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar;
9)
Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözýär;
10) döwlet
häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny
kesgitleýär;
11)
Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry
meseleleri çözýär.
82-nji madda. Türkmenistanyň Milli
Geňeşi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary
çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä
Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan hökman garalmalydyr.
Türkmenistanyň
Milli Geňeşi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime
berip bilmez:
1)
Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;
2) jenaýat we
administratiw kanunçylygy;
3) kazyýet
önümçiligi.
83-nji madda. Kanun çykaryjylyk
başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň
agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.»;
11) 83-nji
maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«831-nji madda. Türkmenistanyň
kanunlary Mejlis tarapyndan kabul edilýär.
Türkmenistanyň
kanunlary Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň köplügi bilen kabul
edilýär.
Mejlis
tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna
iberilýär.
Türkmenistanyň
kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen
halatynda makullanylan hasap edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk
Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek
üçin iberilýär. Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen
halatynda kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar.
Mejlis Halk Maslahatynyň çözgüdi bilen razy bolmadyk halatynda, eger Mejlisiň
deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň
köplügi bilen kanuna öňki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa ol
kabul edilen hasap edilýär.»;
12) 84-90-njy
maddalary şu görnüşde beýan etmeli:
«84-nji madda. Halk Maslahatynyň
agzasy we Mejlisiň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet
edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, şeýle hem dilden we
hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir.
85-nji madda. Döwlet Halk Maslahatynyň
agzalaryna we Mejlisiň deputatlaryna olaryň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz
we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň
hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň
goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.
86-njy madda. Halk Maslahatynyň
agzasy agzalyk ygtyýarlyklaryndan we Mejlisiň deputaty deputatlyk
ygtyýarlyklaryndan diňe degişli palata tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele
boýunça çözgüt degişli palatanyň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň
üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.
Halk
Maslahatynyň bellenilen agzalarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň
çözgüdi bilen möhletinden öň bes edilip bilner.
Halk
Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary degişli palatanyň razylygy
bolmasa administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da
başga hili ýol bilen olaryň azatlygy çäklendirilip bilinmez.
87-nji madda. Halk Maslahatynyň
agzasy we Mejlisiň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy,
häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.
88-nji madda. Halk Maslahatynyň
Başlygy we Mejlisiň Başlygy gizlin ses bermek arkaly saýlanýar. Olar degişli
palata hasabat berýärler hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň
deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň
köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.
Halk
Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary açyk ses
bermek arkaly saýlanýar, olar degişli palatanyň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça
onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýärler, Halk Maslahatynyň Başlygynyň we
Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da olaryň öz ygtyýarlyklaryny amala
aşyrmagy mümkin bolmasa, olaryň borçlaryny ýerine ýetirýärler.
89-njy madda. Halk Maslahatynyň
Prezidiumy we Mejlisiň Prezidiumy palatalaryň işini guramagy amala aşyrýar.
Prezidiumyň
düzümine palatanyň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň
başlyklary girýärler.
90-njy madda. Halk Maslahatynyň,
Mejlisiň, olaryň Prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň
we deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen
kesgitlenýär.»;
13) 94-nji
maddanyň 1-nji bendinde, 113-nji we 129-njy maddalarda «Mejlisiniň» diýen sözi
«Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
14) 120-nji
maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«120-nji madda. Halk Maslahatynyň
agzalygyna, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk
maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar
Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýär.»;
15) 125-nji
maddada «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň» we «Türkmenistanyň
Mejlisine» diýen sözleri degişlilikde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň» we «Halk
Maslahatyna» diýen sözlere çalşyrmaly;
16) 142-nji
maddada «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň
agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi we Mejlisiň» diýen sözlere
çalşyrmaly.
II. Şu
Konstitusion kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
III.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty şu Konstitusion kanunyň herekete girizilen
gününden öz işini bes edýär.
IV.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we
kanunlaryna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
V.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen namalary üýtgetmäge we
ýatyrmaga bolan hukugy Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň ygtyýarlylygyna degişli etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW