Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk
taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň
ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp
syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur
alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň
gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny
üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy —
Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda şu Konstitusion kanun kabul edilýär.