milli goshun logo
Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty
Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty
3 gün öň 94 Habarlar

Şenbe güni — 15-nji fewralda Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Kazyýet edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmeleriniň möhüm ugrudyr. Şunda öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmegine, degişli hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

«Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Çykyşlarda bu resminamada göz öňünde tutulan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berildi.