1-nji madda
Türkmenistanyň 2023-nji
ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 95 117,7 mln manat
möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar
boýunça 29 147,0 mln manat möçberde tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň 2023-nji
ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 85 378,7
mln manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we
çykdajylar boýunça 19 408,0 mln manat möçberde tassyklamaly.
3-nji madda
Umumydöwlet
salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň
2023-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
goşulan peýdadan ýerasty baha üçin
alynýan baýlyklardan salgytdan salgytdan peýdalanmak üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 2,0% 1,8%
2,0%
Ahal welaýaty 97,0% 96,0%
97,0%
Balkan welaýaty 8,4% 8,4%
8,0%
Daşoguz welaýaty 100,0%
100,0% 100,0%
Lebap welaýaty 100,0%
100,0% 100,0%
Mary welaýaty 100,0%
100,0% 100,0%
4-nji madda
2023-nji ýylda
Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň
deňeçerligini üpjün etmek üçin, olara 2 654,0 mln manat möçberde serişdeleri
bölüp bermeli, şol sanda:
Daşoguz welaýaty 1 605,6
mln manat
Lebap welaýaty 1 026,6
mln manat
Mary welaýaty 21,8 mln
manat
5-nji madda
Ýerli býujetleri 12 393,0
mln manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini
aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri 2 205,6
mln manat
Ahal welaýaty 1 548,8 mln
manat
Balkan welaýaty 1 404,6
mln manat
Daşoguz welaýaty 2 265,8
mln manat
Lebap welaýaty 2 547,3
mln manat
Mary welaýaty 2 420,9 mln
manat
6-njy madda
Zähmet haky, pensiýalar,
döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň
çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.
7-nji madda
Býujet ýetmezçiliginiň
emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da)
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen
galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň
Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle
hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda
döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär
diýip bellemeli.
8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň
Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan
zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň
görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň
ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan
serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi
tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabry.