Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş
jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary
taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady
üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.
Bilim
ministrligine institut bilen bilelikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde
taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.