Gadyrly
döredijilik işgärleri we «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri!
Hormatly
dabara gatnaşyjylar!
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
diýlip yglan edilen ýylda hormatly atlara mynasyp bolmagyňyz hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatly medeniýet, sungat we
döredijilik işgärleri!
Häzirki
döwürde mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli
zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy, raýatlaryň jan saglygynyň goraglylygynyň
üpjün edilmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça düýpli
ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň şäherlerinde,
etraplarynda we obalarynda medeni-durmuş maksatly binalaryň, önümçilik
toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar.
Hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabaralar,
medeni-köpçülikleýin çäreler merdana halkymyzyň hoşniýetlilige,
ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan döwrebap ýörelgelerini has-da
kämilleşdirýär, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny täze belentliklere
göterýär. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň durmuşyndaky möhüm
wakalar, beýik özgertmeler ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň kalbynda
täze döredijilik joşgunyny, çäksiz buýsanjy döredýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmäge hem
aýratyn üns berilýär. Ajaýyp döwrümiziň taryhy özgerişlerinden köňülleri
joşgunly medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmetine döwletimiz
tarapyndan mynasyp baha berilýär.
Hormatly
adamlar!
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň her ýylda geçirilmegi milli
sungatymyzy, edebiýatymyzy, metbugatymyzy täze, kämil eserler bilen
baýlaşdyrmakda, aýratyn zehini, hünär ussatlygy bilen tapawutlanýan
ýazyjy-şahyrlary, medeniýet, sungat işgärlerini höweslendirmekde, il içinden
täze zehinleri ýüze çykarmakda özboluşly ýörelgä öwrüldi. Bu bäsleşige
gatnaşyjylaryň sanynyň her ýylda köpelmegi, bäsleşikde göz öňünde tutulan
ugurlar boýunça
döredilýän eserleriň hiliniň yzygiderli ýokarlanmagy, many-mazmunyň
kämilleşmegi medeni-ruhy gymmatlyklarymyza, döredijilik işine goýulýan
hormat-sarpanyň ähmiýetini barha artdyrýar. Bäsleşige hödürlenýän eserleriň her
biri halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň belent
waspyna öwrülýär.
Ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şöhratly
wakalary dabaralandyrmak, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň täze
ösüşlerini aýdyň ýüze çykarmak maksady bilen, «Türkmenistan - Bitaraplygyň
mekany» diýlip yglan edilen ýylda hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik
işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn
asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilýän günlerinde
sylaglamagy makul bildik. Bu bolsa medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan
döredijilikli, halal zähmetine döwletimiziň uly hormat goýýandygynyň aýdyň
subutnamasydyr.
Hormatly atlara mynasyp bolan
döredijilik işgärleri!
«Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşigiň ýeňijileri!
Siz
geljekde hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga,
medeniýetiň we sungatyň ösmegine, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge öz
mynasyp goşandyňyzy goşmalysyňyz. Siziň ylhamdan doly kalbyňyzdan joşup çykjak,
çuň many-mazmunly we ýokary derejede çeper eserleriňiz raýatlarymyzyň
watançylyk ruhuny belende götermelidir, watandaşlarymyzy beýik işlere
ruhlandyrmalydyr.
Sizi
Türkmenistanyň hormatly atlaryna eýe bolmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň
yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, zehiniňiziň hemişe gaýnap joşmagyny,
döredijilik işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW