milli goshun logo
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy
25.03.2025 94 Habarlar

Düýn – 24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşigi derejesinde üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtadylar. BMG-niň we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetine we BMG-niň täze Kararnamasyna aýratyn ünsi çekdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi maslahatyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.