Düýn – 3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün ederis. Ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý taryhy tejribesine, asylly däplerine daýanarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigine, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.