Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň
dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurduň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň
giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň
agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň
gün tertibi boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine
ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly
soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek
üçin degişli ýolbaşçylara söz berdi. Çykyş eden ýolbaşçylar Halk Maslahatynyň
nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisde 2025-nji ýylyň 12-nji
dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli
forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk
görmegiň wajypdygyna hem ünsi çekip, bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça
öňde duran wezipeler we ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçdi.