Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň
Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki
döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň
gün tertibine Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa
geçirilýän işler, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli
Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler, «Türkmenistany senagat taýdan
ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak
boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde
goýlan wezipeler we «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji
ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ahalteke
bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, ahalteke
bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady
bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler
bilen bagly meseleler, şeýle hem birnäçe beýleki soraglar girizildi.
Gahryman
Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, möhüm wezipeleri ara alyp
maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän
däpleriň biridigini, ýakynda ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar döwletimiziň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilendigini
aýtdy. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşy aldy.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş,
baýramçylyk at çapyşyklary, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk
konsertleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak
dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke
atçylyk toplumy, medeni-durmuş maksatly binalar açylyp ulanmaga berildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň
biri bolandygyny belledi. Bu taryhy mejlisde Garaşsyz döwletimizde gazanylan
üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi.
Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy
döwürde öňümizde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz,
baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen
taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň
Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa gol çekmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
esasy ugry bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen
Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu möhüm
resminama halkara hukugyň düzgünlerini berkitmäge, ählumumy parahatçylygy,
howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
«Biz
uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi esasy wezipeleriň
biri hökmünde kesgitledik. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we
netijeli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda
geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzy senagat taýdan
ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek
baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdük. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 —
2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli
senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär»
diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Garaşsyzlygyň
ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň
mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar barada
döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Täze
maksatnama ýurdumyzyň ýaşlar baradaky syýasatyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri öz içine alýar.
Milli
Liderimiz türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke
bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamagyň, atçylyk we atly sport pudagyny
ösdürmegiň, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, hormatly Prezidentimiziň
bu asylly işleri täze derejede üstünlikli dowam etdirýändigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz
«Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň
Kanunyna gol çekdi. Netijede, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň
genofonduny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly
goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk binýady döredildi.
Milli
Liderimiz öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp, şeýle-de «Türkmenistanyň
Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy
maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Prezidiumynyň mejlisiniň çagyrylandygyny we şu mejlisiň gün tertibine
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa
geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler bilen bagly soraglaryň
girizilendigini nygtady.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Ol
türkmen halkynyň Milli Lideriniň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran we häzirki
wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmekden, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmekden
ybarat bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä döwletleri
tarapyndan giňden goldanylýar we olar Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki
abraýly halkara guramalarda kabul edilýän resminamalarda öz beýanyny tapýar. Bu
babatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 24-nji iýulda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly»
atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady
bilen, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde 23-nji sentýabrda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň
Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy kabul edildi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Birleşen Milletler
Guramasynyň degişli Kararnamasyny we agzalan Konsepsiýany durmuşa geçirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2027-2028-nji
ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça
Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu
resminama birnäçe ugurlardan we çärelerden ybarat bolup, halkara,
syýasy-diplomatik, ylym-bilim, guramaçylyk, maglumat-ündew häsiýetli işleri öz
içine alýar.
Wise-premýer,
daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy
ugurlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, guramaçylyk we utgaşdyryş işleriniň
çäklerinde 2027-nji, 2028-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň ýyllyk
senenamalaryny taýýarlamak, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik
etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň
Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde 2028-nji
ýyla taýýarlyk görmek boýunça ýörite «Ýol kartasyny» işläp düzmek
meýilleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Birleşen Milletler Guramasyna
agza döwletler, aýratyn-da, degişli Kararnamanyň awtordaşlary bilen
hyzmatdaşlykda birnäçe halkara çäreler guralar. Şol sanda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 82-nji sessiýasynyň, onuň Altynjy komitetiniň we Halkara hukuk
hepdeliginiň çäklerinde ýörite çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan bu ugurda
degişli maslahatlar, «tegelek stol» duşuşyklary geçiriler.
Ylmy-amaly
hyzmatdaşlyk ugrunda 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde «Halkara hukuk —
ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady» atly halkara ylmy-amaly
maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara hukugyň häzirki zaman
meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegine, suw serişdelerine, durnukly ulag
ulgamyna, sanly tehnologiýalara, emeli aňa, halkara ynsanperwer hukugyna
bagyşlanan ylmy maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde,
halkara hukuga degişli ylmy makalalar, seljeriş, okuw-usulyýet häsiýetli
maglumatlar neşir ediler.
Bilim
we ýaşlar syýasaty ugrunda döwlet gullukçylary, ýaş diplomatlar üçin halkara
hukuk boýunça ýörite okuwlary guramak, her ýyl «Ýaşlar we halkara hukuk» atly
dialogy geçirmek göz öňünde tutulýar. Maglumat-ündew işleriniň çäklerinde
Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan
ýörite bölümi döretmek, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
saýtynda, «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynda degişli maglumatlary ýerleşdirmek
meýilleşdirilýär.
Halkara
hukuk boýunça BMG-niň esasy resminamalaryny türkmen dilinde taýýarlamak we
ýaýratmak hem bu ugurdaky möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen bir
hatarda, 2028-nji ýylda geçiriljek esasy halkara çärelere aýratyn ähmiýet
berilýär. Hususan-da, 2028-nji ýylyň başynda Aşgabat we Nýu-Ýork şäherlerinde
Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş çärelerini geçirmek, şol ýylyň
sentýabr-oktýabr aýlarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 83-nji sessiýasynyň
çäklerinde Türkmenistanyň ýörite çäresini guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle
hem 2028-nji ýylyň dekabrynda halkara hukuk boýunça ählumumy forumy geçirmek
Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy çäreleriniň biri hökmünde teklip
edilýär.
Wise-premýer,
daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde
tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara hukuk ulgamyndaky
başlangyçlarynyň ähmiýetini has-da artdyrmaga, Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň halkara hukuk esaslaryny giňden wagyz etmäge, Birleşen Milletler
Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etjekdigini
aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Hereketleriň milli meýilnamasynyň
taýýarlanylan taslamasyny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi. Ol
çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende götermek,
parahatçylygy, ynanyşmagy, halkara hukugyň ýörelgelerini berkitmek babatda öňde
goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň
ediljekdigini nygtap, Milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň hemişe belent
bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan üç gezek
ykrar edilen ýurdumyzyň deňagramlylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik
ýörelgelerine esaslanýan adyl daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde 2028-nji ýyly
«Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigini
aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu taglymatyny durmuşa geçirmek üçin Daşary
işler ministrligi tarapyndan degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli
Liderimiz Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça
Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasyny makullap, ony
hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny
aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Halkara hukuk ýylyny köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde giňden wagyz etmegiň möhümdigini belledi we wise-premýer, daşary
işler ministrine bu ugurda halkara brifingi geçirmegi, onda şu meseleleri içgin
ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu çäreleriň
ählisiniň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam berýändigini
nygtady.
Soňra
çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa
söz berildi.
Wise-premýer
23-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeleriň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, şol taryhy mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda önümçiligi yzygiderli
artdyrmak, şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş
depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak barada wezipeler bellenildi. Şunuň
bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oňyn önümçilik
netijelerini gazanmak, sebitleri durnukly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmak boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamak barada beren
tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini
düzmek bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy
görkezijilerini, ýurdumyz we pudaklar boýunça maýa goýumlaryň möçberini
kesgitlemek boýunça degişli hasaplamalar we seljeriş işleri geçirilip, bu işler
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany senagat taýdan
ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» laýyklykda,
senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş
ornuny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak, 25 müňe
çenli täze kiçi we orta kärhanany döretmek, kiçi we orta telekeçilikde
işleýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek, kiçi
hem-de orta kärhanalaryň eksportyny 2 esse artdyrmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň tehnologik taýdan ösen kärhanalarynda öndürilýän önümleriň
möçberini 100 göterim, şol sanda eksport önümleriniň möçberini 75 göterim
artdyrmagyň netijesinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini
üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer
H.Geldimyradow milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek ugrunda
goldaw-hemaýatlary, gymmatly maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Milli
Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň
geljekde durnukly saklanylmalydygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz
Türkmenistanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän iri
kärhanalaryň gurlandygyny nygtap, ýurdumyzyň häzirki senagat kuwwatynyň mundan
beýläk hem ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy. Şeýle-de täze senagat desgalaryny
gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly önümçiligiň möçberini
artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Soňra
Halk Maslahatynyň Başlygy çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Annamämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete
öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmak maksady bilen kabul
edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin
Milli strategiýasynda» bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin
meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ahal welaýatynda gurluşyk materiallarynyň,
himiýa we energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, gazhimiýa
önümleriniň öndürilişini giňeltmek, aýna, dokma önümlerini öndürýän täze
kärhanalary döretmek, azyk senagatyny ösdürmek, ýol-ulag infrastrukturasynyň
gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän
önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olara innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Balkan
welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň ikinji tapgyryny, ýaşaýyş jaýlaryny we
beýleki desgalar toplumyny gurmak, ýod, brom, tehniki hem-de nahar duzunyň
önümçiliklerini ösdürmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň,
döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň esasynda önümçilikleri
giňeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Daşoguz
welaýatynda gazhimiýa önümçiligini ösdürmek, hususy ulgam tarapyndan oba
hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty giňeltmek bilen bir hatarda, ýerli
çig mal serişdeleriniň esasynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz
önünde tutulýar.
Lebap
welaýatynda kükürt, kaliý, daş duzlary ýaly tebigy serişdeleriň esasynda
dag-magdan önümçiligini ösdürmäge, gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton
önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Mary
welaýatynda gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, täze önümçilik
kärhanalaryny döretmek, hereket edýän kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, olarda innowasion tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly
dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzy senagat taýdan
ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda
yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat diplomatiýasyny alyp
barýandygyny, dünýä döwletleri we daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahal
welaýatynda tebigy gazdan «ECO-93» kysymly benzin öndürýän desganyň
gurlandygyny, Balkan welaýatynda täze elektrik stansiýasynyň, Daşoguz
welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulýandygyny, Lebap
welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň hereket edýändigini, bu
önümleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge ýardam berýändigini belledi we
gurulýan desgalara Ýokary gözegçilik edarasynyň berk gözegçiligi üpjün
etmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz Mary welaýatynda söwda
dolanyşygyny ösdürmegiň, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny
nygtady.
Milli
Liderimiz soňky döwürde önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň işjeň
ornaşdyrylýandygyny aýdyp, wise-premýere önümçilikde ýokary tehnologiýaly
önümleriň eýeleýän paýyny yzygiderli artdyrmak, maglumat merkezlerini, müňlerçe
täze iş ornuny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ibermek
üçin Gündogar — Günbatar ugry boýunça Hazarüsti halkara üstaşyr ulag
geçelgesini ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu işleriň ählisiniň ýurdumyzyň
senagat diplomatiýasyny ilerletmäge itergi berjekdigini aýtdy.
Soňra
Milli Liderimiz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Mämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde
milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanda ýaşlar barada
döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul
edilmeginiň ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakdaky ähmiýeti barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, umumymilli forumda Türkmenistanyň Bilim ulgamyny ösdürmegiň milli
institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki
ministrlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Halk
Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet
maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça meýilnamada ýaşlaryň bilim almagy,
pikir alyşmaklary, intellektual kooperasiýa işlerine gatnaşmaklary üçin startap
merkezlerini we dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini
döretmek ýaly wezipelere üns çekildi. Şeýle-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny
giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş
maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagyna ýaşlary işjeň çekmek,
halkara guramalar bilen ählumumy başlangyçlara ýaşlaryň gatnaşmagyna ýardam
bermek, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar
jemgyýetiniň bilelikdäki halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny dowam etdirip, bu
ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Watanymyzyň şöhratly taryhy we milli gymmatlyklary barada halkara bilim
bäsleşiklerini gurap, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany daşary ýurtlaryň degişli
ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn
hyzmatdaşlykda amala aşyrmak hem möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Gahryman
Arkadagymyz hasabaty diňläp, bu gün hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky
döwlet syýasatynyň has-da rowaçlanýandygyny belledi. Milli Liderimiz geljek ýyl
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýynyň
geçiriljekdigini aýdyp, bu çärä şu günden başlap taýýarlyk görmegi we onuň
meýilnamasyny düzmegi wise-premýere tabşyrdy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky
aratapawudy seljermek, kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak barada belledi we täze programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak
boýunça ýaşlar bilen pikir alşylmalydygyny, olaryň startaplarynyň, täze işläp
taýýarlamalarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy hem-de wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol
«Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň
Kanuny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan
etmek üçin ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara
çäreler hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly
sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, daşary ýurtlarda
meýilleşdirilen halkara çäreler üstünlikli geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň
başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 23-nji
sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen
döwletli çözgütlerde ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny yzygiderli artdyrmak,
olaryň nesil arassalygyny gorap saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak işlerini
kanunçylyk esasynda dowam etdirmek maksady bilen, «Ahalteke bedew atlarynyň
döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Ýurdumyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilen günlerinde
hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň XVI mejlisi ýokary guramaçylykda geçirildi. 29-njy sentýabrda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanmaga
berilmegi Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine mynasyp toý sowgady boldy. Gahryman
Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen başlanan atly ýöriş hem-de ussat halypa
çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý çapuwy dabaranyň ýatda galyjy
pursatlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň toý çapuwynda ýaş seýis
Kerimguly Berdimuhamedowyň seýislän Daghan atly bedewini çapyp, halypa
çapyksuwarlaryň arasynda ýeňiji bolmagy dabaranyň iň tolgundyryjy pursatlary
bolup, ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy.
Arkadag
we Aşgabat şäherlerinden, ähli welaýatlardan «Amul — Hazar» atly ýörişine
gatnaşýan 35 sany bedew bilen atşynaslar 12-nji noýabrda gadymy Amuldan bu
ýörişe badalga aldylar. Atly ýöriş türkmen topragynyň gözel künjeklerinden
geçip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 31 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda toý dabaralara beslenip, üstünlikli jemlener.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek
babatda döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza pudagyň ähli işgärleriniň
adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Milli
Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda atşynaslaryň
sanynyň barha artýandygyny belledi hem-de wise-premýere «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Amul — Hazar» atly
ýörişini ýokary derejede dabaralandyrmagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz
merdana pederlerimiziň ahalteke bedewleriniň nesil şejeresini biziň günlerimize
çenli ýetirip gelendiklerini, şoňa görä-de, bu milli mirasy gorap saklamak,
geljek nesillere ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak,
tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işlerde ösen halkara
tejribelere esaslanmagyň, bu ugurda sanly ulgamy işjeň ulanmagyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdelerinde, media platformalarynda maglumatlary yzygiderli
ýerleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň aýdyň beýan
edilendigini, geljek döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigini,
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ara
alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeleriň
durýandygyna ünsi çekdi we Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň
Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip,
ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada
okgunly işleri alyp barmalydygyna ünsi çekdi.
«Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde belleýşim ýaly, berkarar döwletimiziň iň
ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar,
eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň
agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir. Şunuň
bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy
hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak,
sebitlerimiziň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça kabul
edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy wezipeleriň biri
bolup durýandygyny belledi.
«Maslahatly
biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, biz geljekde-de halkymyzyň wekilleriniň
möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün
ederis. Ozal hem belleýşim ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa
geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy
ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli
işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan bu
belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde agzybirlikde, jebislikde
üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn» diýip, Milli Liderimiz sözüni
jemledi.
Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemläp, şu
mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan meselelere seredilendigini, birnäçe
meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we mejlise gatnaşyjylaryň
ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu gezekki mejlisi ýurdumyzyň
syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrülip, «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzy mundan
beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin halkymyzy täze zähmet
ýeňişlerine ruhlandyrdy.