milli goshun logo
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
11 sagat öň 11 Habarlar

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän umumymilli fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň mej­li­si­ne Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň hä­kim­le­ri, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­rem ene­ler, jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri, beý­le­ki adam­lar gat­naş­dy­lar.

Mas­la­hat köş­gün­de baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de asyl­ly dä­be eýe­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne ýyg­na­ny­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Milli Li­de­ri­miz Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mek ug­run­da wa­jyp äh­mi­ýet­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň eş­ret­li we döw­re­bap dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­myz­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­ler­den biz Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­ny, de­kabr aýyn­da bol­sa he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny ýo­ka­ry de­re­je­de, giň­den bel­läp ge­çe­ris. El­bet­de, mu­nuň özi milli we hal­ka­ra de­re­je­li ägirt uly sy­ýa­sy äh­mi­ýet­li wa­ka­lar­dyr. «Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz» di­ýen ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mu­kad­des däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hem bu ugur­da ne­ti­je­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ge­çi­len ta­ry­hy men­zil­le­re göz aý­la­mak, öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri kes­git­läp, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň üs­tün­lik­le­ri­ni ber­kit­mek esa­sy mak­sa­dy­myz­dyr di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz nyg­ta­dy.

Da­ba­ra­ly pur­sat ge­lip ýet­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan et­di. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­dy. Soň­ra we­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ryn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­re la­ýyk­lyk­da, Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň pre­zi­diu­my saý­la­nyl­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ola­ra öz ýer­le­ri­ne geç­mek­le­ri­ni ha­ýyş et­di.

Milli Li­de­ri­miz ýyg­na­nan­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­ny jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da­ky mö­hüm wa­ka — ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, mer­da­na türk­men hal­ky­na gül­läp ösüş, bag­ty­ýar­lyk ar­zuw et­di hem-de fo­ru­myň we­kil­le­ri­niň mej­li­siň gün ter­ti­bi we se­re­dil­jek so­rag­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik alan­dyk­la­ry­ny bel­läp, gün ter­ti­bi­ne hö­dür­le­nen so­rag­lar we res­mi­na­ma­lar bo­ýun­ça tek­lip­ler­dir bel­lik­le­riň bar­dy­gy ýa-da ýok­du­gy ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. Türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri ýyg­na­nan­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da we do­ly ma­kul­la­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­la­ny­lan­dy­gy­ny yg­lan et­di.

Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ra söz ber­di.

Il­ki bi­len, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Ital­maz Sa­par­ly­ýew çy­kyş et­di. Ol Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­ly­gy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li ýa­şu­lu­la­ry­nyň adyn­dan gut­la­dy. 

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Sta­tis­ti­ka ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Ma­ry we­la­ýa­ty bo­ýun­ça bö­lüm baş­ly­gy Ju­ma­gel­di Ata­ýe­we söz be­ril­di. Ol, il­ki bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­ly­gy bi­len yk­dy­sa­dy­ýet top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Soň­ra Ar­ka­dag şä­he­ri­niň 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lu­my­nyň mu­gal­ly­my Ak­nur Ça­ry­ýe­wa çy­kyş et­di. Ol ýur­du­myz­da ýaş nes­liň ru­hy we be­den taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, her ýyl ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­riň we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ýan­dy­gy­ny, bi­rin­ji syn­pa ga­dam ba­san okuw­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan nout­buk komp­ýu­ter­le­ri­niň sow­gat be­ril­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­läp, mu­nuň üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň hü­när­me­ni Aý­bö­lek Ma­me­do­wa çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzy Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Ýer se­riş­de­le­ri gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Röw­şen Re­je­pow çy­ky­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzy Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my bi­len oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň do­lan­dy­ryş-çäk bö­lü­ni­şi­gi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry tä­ze et­rap­la­ry dö­ret­mek bi­len bag­ly tek­lip­le­ri öw­ren­mek, ýüz­tut­ma­la­ry sel­jer­mek we mas­la­hat­laş­mak üçin we­la­ýat­lar­da iş sa­par­la­ryn­da bol­du­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ahal we­la­ýa­tyn­da Al­tyn asyr et­ra­by­ny, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da Ga­raş­syz­lyk hem-de Gu­ba­dag et­rap­la­ry­ny, Le­bap we­la­ýa­tyn­da Döw­let­li, Fa­rap, Ga­ra­be­ke­wül et­rap­la­ry­ny, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da Oguz­han et­ra­by­ny dö­ret­mek tek­lip edil­di. Bu tek­lip­ler hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na, milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na oňyn go­şant bo­lar di­ýip, R.Re­je­pow bel­le­di. Ol çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň har­by gul­luk­çy­sy Mu­ham­met Re­je­po­wa söz be­ril­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by San­jar Aga­ja­no­wa söz be­ril­di. Ol ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň adyn­dan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Soň­ra Milli Li­de­ri­miz çy­kyş et­mä­ge is­leg bil­di­ren­le­re söz ber­di.

Il­ki bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­sy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Ýaz­my­rat Ata­my­ra­dow çy­kyş et­di. Ol Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem-de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len bu ta­ry­hy fo­ru­ma gat­naş­ýan ýa­şu­lu­la­ryň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, pa­ra­hat dur­mu­şy­my­z, eş­ret­li za­ma­na­myz Milli Li­de­ri­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri­niň, ýa­daw­syz zäh­me­ti­niň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň gün­de­lik ala­da­la­ry­nyň aja­ýyp mi­we­le­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan iş­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýa­kyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de, Ahal we­la­ýa­tyn­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ulan­ma­ga ber­len döw­re­bap şä­her­çe­de, oba­lar­da maş­ga­la­la­ryň müň­ler­çe­si­niň tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na gö­çüp bar­mak­la­ry, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hal­ky­myz ba­ra­da­ky ala­da­nyň ny­şa­ny­dyr. Bu iş­ler dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler­dir.

«Şeý­le eş­ret­le­ri Siz mäh­ri­ban hal­ky­my­za eçil­ýär­si­ňiz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz! Şeý­le be­ýik iş­le­ri di­ňe gurp­ly döw­let­de ama­la aşy­ryp bo­lar. Si­ziň bel­leý­şi­ňiz ýa­ly, gur­ýan döw­let gurp­lu­dyr» di­ýip, Ý.Ata­my­ra­dow sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Milli Li­de­ri­mi­ziň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len köp ýyl­lar­dan bä­ri ýur­du­myz­da zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­be­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny, adam­lar üçin dö­re­dil­ýän şeý­le ýe­ňil­lik­le­riň dün­ýä­niň hiç bir ýur­dun­da-da ýok­du­gy­ny, bu gün her bir maş­ga­la­nyň eli­niň uza­dan ýe­ri­ne ýet­ýän­di­gi­ni aýt­dy. «Ag­zy­bir hal­ky­myz pa­ra­hat, asu­da, bo­le­lin, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýar. Ogul-gyz­la­ry­myz, ag­tyk-çow­luk­la­ry­myz oku­wa, işe ar­ka­ýyn gi­dip-gel­ýär­ler. Pa­ra­hat, asu­da dur­mu­şyň özi ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak uly baý­lyk­dyr hem gym­mat­lyk­dyr» di­ýip, Ý.Ata­my­ra­dow bel­le­di we hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ten­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­be­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny bes et­me­gi tek­lip et­di hem-de şu tek­li­bi gol­da­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz­dan tüýs ýü­rek­den ha­ýyş et­di.

Ý.Ata­my­ra­dow tyg­şyt­la­nyl­jak se­riş­de­le­riň ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, beý­le­ki wa­jyp ugur­la­ra gö­nük­di­ril­me­gi­niň has-da ta­la­ba­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­tap, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň hal­ky­my­zyň hem-de ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň nu­ra­na gel­je­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw et­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ý.Ata­my­ra­do­wa çy­ky­şy we mas­la­ha­ty üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Soň­ra ow­ga­nys­tan­ly türk­men Ah­mad Ab­dul Rah­ma­na söz be­ril­di. Ol, il­ki bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyza dün­ýä türk­men­le­ri­niň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­ti­rip, Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy, me­de­ni we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da, bi­rek-bi­re­ge gol­daw ber­mek Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. Mu­ňa bol­sa dün­ýä türk­men­le­ri­niň buý­san­jy çäk­siz­dir. Ah­mad Ab­dul Rah­man ýa­kyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Buý­ru­gy we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yn­san­per­wer ta­gal­la­la­ry bi­len Ow­ga­nys­tan­da ýer­tit­re­me­de ejir çe­ken­le­re Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň adyn­dan yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ibe­ri­len­di­gi­ni nyg­tap, mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyza ho­şal­lyk bil­dir­di we çy­ky­şy­ny goş­gy se­tir­le­ri bi­len jem­le­di.

Milli Li­de­ri­miz hem­me­le­re ýüz­le­nip, şu gün­ki ta­ry­hy mej­lis­de ýur­du­my­zyň döw­let we sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na de­giş­li örän mö­hüm me­se­le­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, olar bo­ýun­ça çy­kyş­la­ryň diň­le­ni­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de çy­kyş eden­le­riň äh­li­si­niň fo­rum­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ry gol­dan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Şeý­le-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, hal­ky­myz üçin ze­rur bo­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­ri üp­jün et­mek bi­len bag­ly tek­lip­le­riň öňe sür­len­di­gi­ni we ola­ryň ka­da-ka­nun esa­syn­da se­re­dil­me­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bu ba­ra­da mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň pi­kir­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar bu tek­li­bi bi­ra­gyz­dan gol­da­dy­lar.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa ýüz­le­nip, bu res­mi­na­ma­la­ry de­pu­tat­lar bi­len ara­kes­me­de ara alyp mas­la­hat­la­şyp, gel­nen ne­ti­jä­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de be­ýan edil­me­li­di­gi­ni aýt­dy.

Soň­ra ara­kes­me yg­lan edil­di. Ara­kes­me wag­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. On­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da öňe sür­len tek­lip­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan iş­le­ri hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Halk Mas­la­ha­tyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi nyg­tal­dy. Şun­luk­da, Mej­li­siň mas­la­ha­tyn­da ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň ne­ti­je­si bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt ka­bul edil­di.

Ara­kes­me­den soň­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da öz işi­ni do­wam et­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za söz ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ni jem­le­di.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz hem­me­le­ri mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de baş baý­ra­my­my­zyň — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň şan­ly wa­ka­lar we zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy alyn­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz­da ägirt uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça düýp­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň at-ab­ra­ýy­ny be­lent de­re­je­le­re ýe­ti­ren türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry, be­lent tu­tum­la­ry bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wat­ly döw­le­te öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň ýur­dy, yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Biz şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­mek bi­len, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­bat­da öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri kes­git­lä­ris. Bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mö­hüm äh­mi­ýet­li res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ede­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ni mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da alyp bar­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da, hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy­ýe­tini dö­ret­mek­de uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bin­ýat­lyk esas­la­ry has-da ber­ki­dil­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,3 gö­te­rim de­re­je­de dur­nuk­ly sak­lan­ýar. Bu bol­sa ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­let ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­la­ryň tä­ze işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga we ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga go­wy şert dö­red­ýän­di­gi­ni nyg­tap, gel­jek­de hem ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Ýur­du­myz­da se­bit we milli ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa Di­ýa­ry­my­zyň se­bit­le­ri­niň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li ber­kid­ýär. Bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Milli mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. «Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da ýur­du­my­zy ös­dür­mek üçin şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 40 milliard 72 million ma­nat möç­be­rin­de düýp­li ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ri­ler. Bu bol­sa tä­ze önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ma­ga hem-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga şert dö­red­ýär. Di­ýa­ry­myz­da tä­ze şä­her­çe­le­riň we oba­la­ryň, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Ila­tyň, aý­ra­tyn-da, ýaş maş­ga­la­la­ryň döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny sa­tyn al­ma­gy üçin be­ril­ýän ýe­ňil­lik­li we sarp ediş mak­sat­ly karz­la­ryň möç­be­ri yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da mä­täç­lik çek­ýän ra­ýat­lar üçin döw­let se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gur­lup, goş­ma­ça dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri dö­re­dil­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len tu­tum­ly iş­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bi­ziň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş mak­sa­dy hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li tä­ze dö­re­di­len iş orun­la­ry­nyň sa­ny 3 müň­den gow­rak bo­lar. Ýa­kyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ba­za­ry­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» hem ka­bul edil­di. Bu Kon­sep­si­ýa esa­syn­da tä­ze, döw­re­bap iş orun­la­ry­ny dö­re­de­ris, ila­ty­my­zyň iş üp­jün­çi­li­gi­ni has-da kä­mil­leş­di­re­ris di­ýip, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Milli mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri gel­jek ýyl hem üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin «Türk­me­nis­ta­ny 2026-njy ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny» iş­läp taý­ýar­la­ma­gy hem-de ony Halk Mas­la­ha­ty­na hö­dür­le­me­gi tab­şyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýo­ka­ry dep­gin­li ösü­şi­niň ýur­du­my­zyň býu­jet gir­de­ji­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni, Döw­let býu­je­ti­niň bol­sa yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi me­ýil­leş­dir­me­giň mö­hüm gu­ra­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýyl döw­le­ti­mi­ziň baş ma­li­ýe me­ýil­na­ma­syn­dan bi­li­mi, sag­ly­gy go­raý­şy, me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mä­ge, önüm­çi­lik we dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na köp möç­ber­de se­riş­de­ler gö­nük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler­den önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň 65,6 gö­te­ri­mi, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy üçin hem 34,4 gö­te­ri­mi goý­be­ril­di. Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­lar bö­le­gi­niň mak­sat­la­ýyn peý­da­la­nyl­ma­gy we öz­leş­di­ril­me­gi üp­jün edil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti öz­gert­mek, onuň in­no­wa­sion ösü­şi­ni ga­zan­mak, hu­su­sy pu­da­gyň pa­ýy­ny gi­ňelt­mek ar­ka­ly býu­je­tiň gir­de­ji­le­ri art­dy­ryl­dy. Bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, milli ma­na­dyň hüm­me­ti­ni sak­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len öz­gert­me­ler dur­nuk­ly pul do­la­ny­şy­gy­ny hem-de yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­di.

Gel­jek­de-de ýur­du­my­zyň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça dün­ýä­niň ös­ýän döw­let­le­ri­niň sa­na­wyn­da my­na­syp orun al­ma­gy üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ede­ris. Bu dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­my­zyň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ne­bit­gaz pu­da­gy­ny giň ge­rim bi­len ös­dür­mä­ge we onuň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sat üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni ga­zyp al­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek we eks­port et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu ýyl ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, ne­bi­ti we te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len tä­ze, döw­re­bap top­lum­la­ry gur­mak, geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly iş­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­di. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň esa­sy tap­gy­ry bo­lan Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni tap­gyr­la­ýyn esas­da öz­leş­dir­mek iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýa­kyn­da tä­ze, döw­re­bap des­ga — Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň ne­bit we ne­bit önüm­le­ri gu­ýul­ýan gä­mi du­ral­ga­sy işe gi­ri­zil­di. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň eks­port möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga we ola­ry yg­ty­bar­ly iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ga­raş­syz ýur­du­myz­da in­no­wa­sion önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­myn­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Top­lu­myň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, bu ugur­da hu­su­sy işe­wür­li­giň önüm­çi­lik bin­ýa­dy­ny ös­dür­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­byn­da Bä­her­den ke­ra­mi­ki önüm­ler kär­ha­na­sy, paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da ýer­leş­ýän se­na­gat top­lu­my­nyň çä­gin­de bol­sa çüý­şe önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­ha­na ulan­ma­ga be­ril­di. Bu des­ga­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi tä­ze in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri üçin Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­my, Ahal­da­ky gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň ikin­ji tap­gy­ry­ny, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň dü­zü­min­de mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän top­lu­my, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry et­ra­by­nyň çä­gin­de mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän za­wo­dy gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Da­şa­ry ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny yg­ty­bar­ly iber­mek, içer­ki sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da döw­re­bap, kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dy­rar. Hä­zir­ki wagt­da Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň çä­gin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we ola­ryň dün­ýä stan­dart­la­ry­na ga­bat gel­me­gi üçin pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Döw­let äh­mi­ýet­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­kyn wagt­da Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Türk­me­na­bat bö­le­gi açy­lyp ulan­ma­ga ber­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­myn­da in­no­wa­sion hä­si­ýet­li kär­ha­na­la­ry, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­me­giň gel­jek­de hem do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Bi­ziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri dur­nuk­ly ös­dü­ril­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da gur­lan il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­riň — Ar­ka­dag şä­he­ri­niň aba­dan hem bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň gör­ke­zi­ji­si­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. «Ar­ka­dag şä­he­ri­ni 2024 — 2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da bu şä­her­dä­ki iş­ler gel­jek­de-de do­wam et­di­ri­ler.

Şu ýyl Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da “Döw­let­li me­kan”, Ka­ka et­ra­byn­da “Bagt­ly za­ma­na” at­ly tä­ze, döw­re­bap oba­lar açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­neür­genç et­ra­byn­da hä­zir­ki za­man Bi­ta­rap­lyk şä­her­çe­si da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­jek döw­re­bap oba­da hem bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ma­gy üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­di­ler. Bu­la­ryň äh­li­si mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu üs­tün­lik­ler bi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­si­dir, ýag­ny «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!».

Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu pu­da­gy top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Guş­çu­ly­gy we mal­dar­çy­ly­gy ös­dür­mek, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­ly we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Şu ýyl Di­ýa­ry­my­zyň zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na 1 million 400 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý ha­sy­ly­ny tab­şyr­dy­lar. Ýyg­na­lan bug­daý ha­sy­ly hal­ky­my­zyň, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň baý­ly­gy­dyr, sa­çak­la­ry­my­zyň rys­gal-be­re­ke­di­dir di­ýip, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz nyg­ta­dy hem-de bol gal­la ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­da uly iş­le­ri bi­ti­ren, Wa­tan öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren us­sat gal­la­çy daý­han­la­ry ga­za­nan ne­ti­je­le­ri bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýyl pag­ta­çy daý­han­la­ry­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len Wa­tan har­ma­ny­na 1 million 250 müň ton­na «ak al­ty­nyň» tab­şy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler hem ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl 2 müň 100 ton­na­dan gow­rak pi­le ön­dü­ril­di. Mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk pu­da­gy-da iler­le­dil­ýär. Ga­ra mal­la­ryň, do­war­la­ryň, guş­la­ryň, dü­ýe­le­riň baş sa­ny yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň işi­niň ylym hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­la­nyş­dy­ry­lyp, gel­jek­de-de giň ge­rim bi­len ös­dü­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, Di­ýa­ry­myz­da te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­ma­ga, onuň baý­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­ma­ga hem-de kö­pelt­mä­ge uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Her ýyl äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de eko­lo­gik aba­dan­çy­lyk üp­jün edil­ýär. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Milli stra­te­gi­ýa­sy esa­syn­da he­re­ket ed­ýän se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­çi­li­gin­de me­tan gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça hem top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri hem söw­da top­lu­my­dyr. «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di» di­ýen ny­şan­ly ha­ryt­la­ry­my­za dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýär. Da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri we ugur­la­ry yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Gu­ral­ýan ser­gi­ler, mas­la­hat­lar bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän «EKS­PO — 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de hem Türk­me­nis­tan öz milli pa­wil­ýo­ny bi­len uly ab­ra­ýa eýe bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da dok­ma se­na­ga­ty­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hem mö­hüm öz­gert­me­le­riň durmuşa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry ön­dür­mek bi­len, hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän eks­port önüm­çi­li­gi­niň gi­ňel­dil­ýän­di­gi­ni, hal­ky­my­zyň meş­hur ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu aja­ýyp sun­ga­ty dün­ýä ýaý­mak, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek üçin ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­mak bi­len, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eks­por­ta ni­ýet­le­nen ýo­ka­ry teh­no­lo­gik önüm­le­ri ön­dür­ýän önüm­çi­lik­le­ri, se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek­de te­le­ke­çi­le­re uly orun de­giş­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­de hem ki­çi, or­ta we iri te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­me­giň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da-da du­rup geç­di. Ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri bi­len ýo­lag­çy we ýük do­la­ny­şy­gy­ny ös­dür­mek, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­li­gi­ni do­ly ulan­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça esa­sy üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň dü­züm­le­ri­ni gi­ňelt­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýur­du­myz­da Hy­taý — Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mek, da­şal­ýan ýük­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ryn­dan Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na çen­li hal­ka­ra mul­ti­mo­dal ulag ug­ru­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy­nyň kuw­wa­ty­ny do­ly güý­jün­de ulan­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.

Ara­gat­na­şyk ul­ga­my hem döw­rüň ta­la­by­na gö­rä yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­de ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­na de­giş­li önüm­çi­lik, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek iş­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz sö­zü­ni do­wam edip, Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň milli bi­lim ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ri­len­di­gi­ni, ru­hy taý­dan kä­mil, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­jä la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi hem-de Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de gel­jek­de hü­när­men­le­re bo­lan ze­rur­lyk­lar bo­ýun­ça Ter­ti­bi iş­läp düz­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, Bi­lim mi­nistr­li­gi­ne bu çak­la­ma­la­ryň esa­syn­da hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ry­na oku­wa ka­bul et­me­giň döw­let sar­gy­dy­ny taý­ýar­la­ma­gy üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň ylym ul­ga­myn­da yl­my bar­lag­la­ryň we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak işin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­me­na­bat şä­he­rin­de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze bi­na­lar top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de do­wam ed­ýär. Şu ýyl Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de hor­mat­ly Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­ti­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap okuw bi­na­lar top­lu­myn­da hem pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, ta­lyp­lar üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­lar­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lan or­ta mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry öz ga­py­la­ry­ny giň­den aç­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de hem ýur­du­myz­da ýe­ne-de köp san­ly döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry­nyň gu­rul­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Mu­nuň özi bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ba­ra­da aý­dyp, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň, aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hal­ky­my­za dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry hö­dür­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra pe­diat­ri­ýa, Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­ri­niň, Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Şeý­le hem «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça 400 orun­lyk bi­na­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýa­kyn wagt­da biz My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň, In­di­ra Gan­di adyn­da­ky Aş­ga­bat luk­man­çy­lyk or­ta okuw mek­de­bi­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň, paý­tag­ty­myz­da kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Te­jen şä­he­rin­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň düý­bü­ni tut­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýä­ris. Şeý­le-de Ma­ry, Bal­kan we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­li on­ko­lo­gi­ýa mer­kez­le­ri­ni, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­ni gur­ma­gy göz öňün­de tut­ýa­rys. Bu iş­le­riň äh­li­si milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, anyk­la­mak, be­jer­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­riň giň­den or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ga­zan­ma­gyň öň­de dur­ýan iň uly mak­sat­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­tan­da ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, sag­dyn ruh­da ter­bi­ýe­le­mek ba­ra­da köp ala­da edil­ýär. Sag­dyn be­den­li ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge, ýaş­la­ryň ah­lak we dur­muş taý­dan ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de hem tür­gen­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dy­ryp, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, us­sat­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­jek­dik­le­ri­ne berk ynam bil­dir­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, me­de­ni­ýet we sun­gat hal­kyň ru­hy baý­ly­gy­dyr. Hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, me­de­ni mi­ra­sy­my­zy aýaw­ly sak­la­mak­da, dün­ýä ýaý­mak­da me­de­ni­ýet ul­ga­my­na uly orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak mak­sa­dy bi­len, dür­li fes­ti­wal­lar, kon­sert­ler, ser­gi­ler, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, beý­le­ki me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da şu ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­di. Gel­jek ýyl­da bol­sa Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­ler di­ýip, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz aýt­dy hem-de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň kä­mil, döw­re­bap eser­le­ri dö­ret­me­gi, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin mun­dan beý­läk-de äh­li şert­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Ýur­du­myz­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­zü­mi, ýag­ny ÝU­NES­KO bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ge­çen dö­wür­de Ga­dy­my Merw, Kö­neür­genç ýa­dy­gär­lik­le­ri, Par­fi­ýa­nyň Nu­saý ga­la­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na, şeý­le hem mad­dy däl me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň 9-sy bu gu­ra­ma­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ÝU­NES­KO bi­len alyp bar­ýan iş­le­ri­niň gel­jek­de has-da gi­ňel­dil­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ka­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­si­ne ün­si çe­kip, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len deň­hu­kuk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan bu gün hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­la­ryň, fo­rum­la­ryň me­ka­ny­na öw­rül­di. Şu ýyl «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty dün­ýä we se­bit äh­mi­ýet­li mö­hüm me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ni tap­ma­ga hil taý­dan tä­ze­çe çe­me­leş­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy. Mas­la­ha­tyň jem­le­ri bo­ýun­ça Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy ka­bul edil­di, şeý­le hem 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy yg­lan edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mas­la­ha­tyň hem-de ne­ti­je­li du­şu­şyk­la­ryň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň we üs­ta­şyr ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge go­şant goş­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam edip, şu ýy­lyň de­kab­ryn­da ýur­du­my­zyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len bi­le­lik­de örän mö­hüm ta­ry­hy we şan­ly se­nä­ni — Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny giň­den bel­läp geç­jek­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len we Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da he­mi­şe­lik ber­ki­di­len oňyn Bi­ta­rap­ly­gy­myz­dan ugur alyp, äh­li döw­let­ler, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýa­kyn wagt­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky 80-nji ýu­bi­leý ses­si­ýa­sy­na hem gat­naş­jak­dy­gy­ny, bu ta­ry­hy ses­si­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­nyň be­ýan edil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu ga­ra­ýyş­lar äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mä­ge, dur­nuk­ly ösüş, ulag, ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak, köp­ta­rap­la­ýyn yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry­nyň dün­ýä­de giň­den gol­da­nyl­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si bol­dy. Şu ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­zyň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki at-ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek gör­kez­di.

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem-de ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li hal­ka­ra çä­re­ler giň ge­rim bi­len ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ge­çi­ril­jek Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň we­kil­çi­lik­li fo­ru­my hem döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Ol ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, döw­let­le­riň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek ug­run­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rü­ler. Şo­ňa gö­rä, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň gel­jek­de hem hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, Di­ýa­ry­myz­da ga­za­nyl­ýan her bir ösü­şiň milli ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny, Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň Mej­li­si­niň hem ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­me­giň we yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­rip dur­ma­gyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­lap­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ne ün­si çek­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­le­riň hu­kuk esas­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. Ka­bul edi­len milli mak­sat­na­ma­lar­da göz öňün­de tu­tu­lan iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, ila­tyň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, hal­ky­myz­dan ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­le­ri öw­ren­mek we sel­jer­mek işi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­li di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ryň ha­ýyş­na­ma­la­ry­nyň göz öňün­de tu­tu­lyp, tä­ze et­rap­la­ry dö­ret­mek ba­ra­da öňe sür­len tek­lip­le­riň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik öz­gert­me­le­riň, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň her bi­ri­miz­de ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny, milli buý­san­jy dö­red­ýän­di­gi­ni bel­läp, Ga­raş­syz­ly­gy­myz we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz, bag­ty­ýar hem-de aba­dan dur­mu­şy­myz üçin örän tu­tan­ýer­li­lik bi­len zäh­met çek­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­ziň ýo­lu­myz bag­ty­ýar­ly­gyň, ber­ka­rar­ly­gyň ýo­lu­dyr. Geç­mi­şi­mi­zi, şu gü­nü­mi­zi we gel­je­gi­mi­zi berk bag­la­nyş­dy­ryp, biz mun­dan beý­läk-de bu ýol bi­len ynam­ly öňe gi­de­ris. Ag­zy­bir­lik­de we bi­te­wü­lik­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan döw­let­li­lik ýo­lu­ny ynam­ly do­wam et­di­re­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de be­ýan edi­len ösüş­le­riň we tä­ze mak­sat­la­ryň bi­ziň öňü­miz­de uly we­zi­pe­le­ri goý­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, mäh­ri­ban hal­ky­myz bi­len bi­le­lik­de tu­tan­ýer­li zäh­met çe­kip, gel­jek ýyl üçin bel­le­nen sep­git­le­re hem ab­raý bi­len ýe­til­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.

Wa­ta­ny­my­zyň, eziz hal­ky­my­zyň mer­te­be­si­ni, ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, äh­li ta­gal­la­la­ry­my­zy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk hem gül­le­dip ös­dür­mä­ge, mer­da­na hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­dir­me­li­di­ris di­ýip, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry we mäh­ri­ban hal­ky­my­zy eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş ar­zuw et­di we çy­ky­şy­ny: «Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy mun­dan beý­läk-de be­lent bol­sun! Ýa­şa­syn Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri! Ýa­şa­syn Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!» di­ýen şy­gar­lar bi­len jem­le­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çy­ky­şy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ýur­du­my­zyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler hem-de gel­jek üçin me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da­ky çy­ky­şy uly üns bi­len diň­le­nil­di we do­wam­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len ka­rar bi­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry ta­nyş­dyr­mak üçin D.Gul­ma­no­wa söz be­ril­di. Ol Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len ka­rar bi­len ta­nyş­dyr­dy.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýüz­le­nip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu gün­ki mej­li­sin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan Per­man­dyr Ka­rar­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

«Ula hor­mat, ki­çä sy­lag» diý­li­şi ýa­ly, il­ki bi­len, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­zy we ene-ma­ma­la­ry­my­zy sy­lag­la­mak ha­kyn­da, şeý­le hem zäh­met­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­la­nan ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­ny Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Per­man­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ugur­da yzy­gi­der­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di we döw­le­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy esa­syn­da 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň uly sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň giň­den da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Milli Li­de­ri­miz Kons­ti­tu­si­ýa­my­za la­ýyk­lyk­da, «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­nyň hem iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­ledip ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze et­rap­lar dö­re­di­lip, bag­ty­ýar hal­ky­myz ze­rur bo­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­ler bi­len üp­jün edil­ýär. Bu zat­la­ryň äh­li­si adam ha­kyn­da­ky ala­da­nyň döw­le­ti­mi­ziň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek gör­kez­ýär. Yn­ha, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­bul eden ka­ra­ry esa­syn­da hem Ahal, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň kä­bir et­rap­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri­ni dö­ret­mek, şeý­le-de ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­my gur­mak ha­kyn­da ka­rar­lar iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den bu res­mi­na­ma­la­ra gol çek­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di.

Milli Li­de­ri­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça er­tir sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Soň­ra ara­kes­me yg­lan edil­di. Ara­kes­mä­niň do­wa­myn­da «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da toý sa­da­ka­sy be­ril­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sa­da­ka gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, «Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz» diý­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Mas­la­hat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, ra­ýat­la­ry­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri giň­den be­ýan et­di. Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Şeý­le hem Di­ýa­ry­my­zy mun­dan beý­läk-de top­lum­la­ýyn ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­ry­hy çöz­güt­le­ri ka­bul et­di.

Milli Li­de­ri­miz bu gün öten-ge­çen­le­ri­mi­zi ýat­lap sa­da­ka be­ril­ýän­di­gi­ni, hal­ky­my­zyň mu­kad­des ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­nyň ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni, bu­la­ryň hem­me­si­niň so­gap, parz iş­ler­di­gi­ni nyg­tap, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len iş­le­riň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg et­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si te­bä­rek çyk­dy. Te­bä­rek çy­ky­lan­dan soň­ra, sa­da­ka gat­naş­ýan­la­ra na­har çe­kil­di. Duz-ta­gam da­dy­lan­dan soň­ra, toý tö­wi­ri oka­lyp, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň jan­la­ry­nyň sag bol­ma­gy, äh­li asyl­ly iş­le­ri­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi di­leg edil­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sa­da­ka gat­na­şan­la­ra ýüz­le­nip, hem­me­le­riň bi­le­lik­de parz işi eden­dik­le­ri­ni, öten-ge­çen­le­ri­mi­zi ýat­lap, sa­da­ka ber­len­di­gi­ni belläp, edi­len do­ga-di­leg­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň asu­da, mu­kad­des ojak­la­ryň aba­dan, sa­çak­la­ryň rys­gal-be­re­ket­li bol­ma­gy­ny di­leg et­di. «Toý­la­ry­myz to­ýa ulaş­syn!» di­ýip, Milli Li­de­ri­miz sö­zü­ni jem­le­di.

Ara­kes­me­den soň­ra, mej­lis öz işi­ni do­wam et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Per­man­la­ry esa­syn­da sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na baş­la­ma­gy, Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de däp bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­za we ene-ma­ma­la­ry­my­za my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­ny gow­şur­ma­gy tek­lip et­di we mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za her we­la­ýat­dan, Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den Türk­me­nis­ta­nyň «Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy” di­ýen ada we «Ze­nan kal­by» or­de­ni­ne my­na­syp bo­lan­la­ra sy­lag­la­ry gow­şur­mak ha­ýy­şy bi­len ýüz­len­di. Per­man­la­ry oka­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa söz be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Serdar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň «Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen ada my­na­syp bo­lan ýa­şu­lu­la­ra, ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­län­dik­le­ri, dür­li ul­gam­lar­da çe­ken asyl­ly zäh­me­ti üçin «Ze­nan kal­by» or­de­ni­ne my­na­syp bo­lan­la­ra sy­lag­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy. Ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy­na my­na­syp bo­lan ýa­şu­lu­lar we mäh­rem ene­ler zäh­me­ti­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy ba­ra­da ed­ýän ala­da­sy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow jem­leý­ji sö­zi bi­len çy­kyş et­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de örän mö­hüm so­rag­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gel­jek­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň kes­git­le­ni­len­di­gi­ni, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da äh­li hal­ky­myz bi­len bi­le­lik­de ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de öň­de goý­lan mak­sat­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di. Milli Li­de­ri­miz gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len so­rag­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gat­na­şan­dy­gy üçin hem­me­le­re min­net­dar­lyk bil­di­rip, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we äh­li türk­men hal­ky­na, mej­li­se gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, aba­dan dur­muş, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýa­pyk di­ýip yg­lan et­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy be­lent­den ýaň­lan­dy.

***

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedowy döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gynyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat, asu­da dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ta­ry­hy äh­mi­ýet­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi bi­len gut­la­dy. Şeý­le hem Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şin­de wa­jyp tap­gy­ry ala­mat­lan­dy­ran bu mej­li­siň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň mö­hüm wa­ka­sy­na öw­rü­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edi­len il-ýurt bäh­bit­li çöz­güt­ler hal­ky­my­zy tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne ruh­lan­dy­rar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow gut­lag­lar we hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hem­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi hem-de ýe­tip gel­ýän baý­ram — ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, ola­ra eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan jo­gap­kär­li işlerin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.