25-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Halk Maslahatynyň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary, edaralaryň we kärhanalaryň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda häzirki döwrüň möhüm meseleleri we ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda indiki amala aşyrylmaly işleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.