milli goshun logo
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa çagyrýarys!
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa çagyrýarys!
5 sagat öň 15 Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň

TERTIBI

 

1.    Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.

2.    Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

3.    Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza tabşyrmaly.

4. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

5.       Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.  

 

Kabul ediş topary.