Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz sagdyn
ruhly jemgyýeti kemala getirmekde kitaphanalaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny,
halkymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde kitaphanalaryň möhüm orun
eýeleýändigini aýratyn belläp geçýär. Şol nukdaýnazardan hem Milli Liderimiziň
hut özi ýurdumyzda kitaphana ulgamyny sanlaşdyrmagy ýolbaşçy düzümiň öňünde
wezipe edip goýdy. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek işleri kitaphana ulgamynda
hem ýokary depginde alnyp barylýar we ýurdumyzyň kitaphanalarynda okyjylara gerekli
bolan maglumatlaryň çalt tapylmagy üçin niýetlenen, kitaphanadaky bar bolan
eserleri bir tora jemleýän ulgam ornaşdyryldy.
Şeýle işler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde
hem giň gerimde alnyp barylýar. Ýagny, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
kitaphanalary kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklary esasynda ministrlige degişli
kitaphanalary sanlaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende
belläp geçsek, şu güne çenli ministrligiň garamagyndaky edaralarda we harby bölümlerde
saklanýan kitaplaryň elektron görnüşine geçirilmegi we olaryň takyk sanawynyň
düzülmegi dogrusynda ägirt uly işler amala aşyryldy.
Indi ýörite kompýuter tory arkaly harby
talyplara, esgerlere we serkerdelere harby, taryh, çeper edebiýat, psihologiýa
we başga-da öz hünär ugurlary bilen utgaşykly beýleki ylymlar boýunça dürli
dillerde ýazylan müňlerçe kitaplaryň atlandyrmalary elýeter bolup durýar.
Mahlasy, harby talyplary bökdençsiz
okamaga, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarydyr serkerdelerini
Watana wepaly gulluk etmäge ruhlandyrýan we hünär derejesini ýokarlandyrmaga
ýardam edýän kitaplardan peýdalanmak üçin zerur bolan ähli şertler
döredilendir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ugurdaky tagallalary Milli
goşunymyzyň söweşjeň ukybyny berkitmek we Watan goragçylaryny belent ahlak
sypatly, mert pederlerimiziň ruhunda terbiýelemek boýunça edilýän işleriň gözbaşydyr.
«Milli goşun».