17-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Meredow
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Geologiýa
gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we
peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
habar berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologik
maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
esasynda düzgünleşdirilýär, bu gaznanyň işini we onda saklanylýan maglumatlary
alyp barmagyň hem-de peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
tarapyndan bellenilýär.
Şunuň bilen
baglylykda, «Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň,
maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibiniň» taslamasy işlenip
taýýarlanyldy.
Bu taslamada,
esasan, ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen geologik, geofiziki,
gidro-geologiki işler, inžener-geologik gözlegler, geologik-surata düşüriş we
beýleki geologik-gözleg işleriniň ähli görnüşleri boýunça hasabatlary
umumylaşdyrmak we ulgamlaýyn esasda dolandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
Geologiýa gaznasynda saklanylýan hasabatlary peýdalanmagyň, elektron
göterijilerde ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.