milli goshun logo
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
11 sagat öň 10 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe nesiller gatnaşdylar.

Şu gün açylyp ulanmaga berlen seýilgäh hem munuň aýdyň beýanydyr. Seýilgäh adamlaryň, hususan-da, çagalardyr ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmaklarynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berjaý etmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň beden taýdan kämil ösmegine, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga ýardam berýär.

...Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, şadyýan çagalaryň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şanly waka mynasybetli taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi.

Soňra dabaraly ýagdaýda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş toý bagy kesildi. Şol pursat ak kepderi şekilindäki şarlar we ak kepderiler asmana uçuryldy.

Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.

Soňra döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy mynasybetli dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar skripkaçylar toparynyň we erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary, mekdep okuwçylarynyň surat çekýän pursatlary bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaranyň çäklerinde döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.